Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçiriljek «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli we netijeli özgertmeler, sebit we dünýä ähmiýetli öňe sürülýän beýik başlangyçlar, täze many-mazmunda baýlaşdyrylýan milli gymmatlyklar hakyndaky habarlar dünýäniň maglumatlar ulgamynda özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýyşlarynyň giňemeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylma-bilime höweslendirmek, halallyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir» diýen parasatly sözlerinden, talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen Ýeňiş güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň şertleri:
1. Talyp ýigit özüniň saýlan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etmeli, wagty 3 minut (talyp ýigit ýekelikde ýerine ýetirmeli).
2. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly bilen baglanyşykly talyp ýigit özüniň sungata, döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezmek barada aýdym-saz, goşgy, monolog ýa-da sahna ýerine ýetirmeli (janly ses), wagty 6 minut (çykyş edýän talyp baş keşpde bolup, oňa 4-den köp bolmadyk talybyň kömeginden peýdalanmaga rugsat berilýär).
3. Talyp ýigit şorta söz ýa-da degişme sahnasyny ýerine ýetirmeli, wagty 3 — 5 minut (çykyş edýän talyp baş keşpde bolup, oňa 4-den köp bolmadyk talybyň kömeginden peýdalanmaga rugsat berilýär).
Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary öz ýokary okuw mekdeplerinde döredijilik bäsleşiginiň deslapky tapgyryny geçirip, ýeňiji bolan talyp ýigidi bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hödürleýärler. Bu bäsleşige ozal hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara gatnaşmaga hukuk berilmeýär.
Bäsleşikde talyp ýigitleriň çykyşlaryna baha bermek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň tanymal medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden ybarat eminler topary döredilýär. Eminler talyplaryň her çykyşy üçin 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp, baha goýýarlar we şol bahalary goşmak arkaly soňky netijäni çykarýarlar. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
«Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek deslapky tapgyrlary 2020-nji ýylyň 10 — 27-nji apreli aralygynda, bäsleşigiň jemleýji tapgyry Ýeňiş güni mynasybetli 2020-nji ýylyň 1 — 8-nji maýy aralygynda geçiriler.
Gerekli resminamalar:
Ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan (1-nji orny eýelän) talyp ýigidiň 2 sany nusgada şahsy maglumatlaryny (özi baradaky 3x4-lük suratly we dogan-garyndaşlary baradaky maglumaty, pasportynyň nusgasy) Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2020-nji ýylyň 29-njy apreline çenli tabşyrmaly.
Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Baş baýraga we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan ýeňiji talyplar yglan edilip, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomlary we sowgatlary gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79, 44-88-80;
Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-84-75.
“Nesil” gazeti,
24.03.2020ý.