Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 8 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirýän «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» atly bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleriň hem-de ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegini nazarlaýan döwlet syýasatynyň netijesinde sagdyn, ruhubelent, döredijilikli zähmete ukyply ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda ylmy we bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler ýaşlara aýratyn hyjuw, joşgun bilen okamaga goltgy berýär, olaryň Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşmagyna giň ýol açýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýaşlara daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär.
«Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» ady bilen geçiriljek bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen sözlerinden, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, dil başarnyklaryny görkezmegi, geljekde ilimize we ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmäge bolan höweslerini artdyrmakdan, olaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmekden, zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmakdan we goldamakdan, ýaşlaryň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmakdan, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmekden ybaratdyr.
I. Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Bäsleşige umumybilim berýän orta mekdepleriň 8 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň deslapky tapgyrlary ýurdumyzyň etraplarynda (şäherlerde), welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilýär. Bäsleşigiň welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilen tapgyrynda 1-nji we 2-nji orny eýelän 2 (iki) sany mekdep okuwçysy paýtagtymyzda geçiriljek bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.
Bäsleşik aşakdaky tertipde üç tapgyrda geçirilýär:
— birinji tapgyr etraplarda (şäherlerde) 2020-nji ýylyň 8 — 17-nji apreli aralygynda geçirilip, bu tapgyra umumybilim berýän orta mekdeplerden daşary ýurt dillerini bilmekde tapawutlanýan iki sany mekdep okuwçysy gatnaşar;
— ikinji tapgyr Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2020-nji ýylyň 29-njy aprelinden 6-njy maýy aralygynda geçirilip, bu tapgyra birinji tapgyrda 1-nji we 2-nji orny eýelän mekdep okuwçylary gatnaşarlar;
— jemleýji döwlet tapgyry Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 2020-nji ýylyň 15 — 25-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler we bu tapgyra ikinji tapgyrda 1-nji we 2-nji orny eýelän mekdep okuwçylary gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
II. Bäsleşigiň şertleri:
1. Bäsleşigiň 1-nji şertine gatnaşyjy «Meniň Watanym» diýen tema boýunça saýlap alan daşary ýurt dilinde (iňlis, fransuz, nemes, ýapon, hytaý, arap, pars dilleri) ýurdumyzy wasp edýän çeper okaýyş ýa-da aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmeli (wagty 2 — 6 minut).
2. Bäsleşigiň 2-nji şertinde gatnaşyjy «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen tema boýunça öz taýýarlan wideoşekilini görkezmeli we saýlap alan daşary ýurt dilinde şahyrana sözler bilen wideoşekiliň mazmunyny beýan etmeli (wagty 3 minut).
3. Bije çekmek arkaly eminler topary tarapyndan taýýarlanan ýumuşlara jogap bermeli.
III. Bäsleşige gerekli resminamalar:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Aşgabat şäher Geňeşleriniň mejlisleriniň we Baş bilim müdirlikleriniň bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynyň ýeňijileri baradaky Kararlary, umumybilim berýän mekdebiň bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşjak ýeňiji baradaky maglumaty şu aşakdaky görnüşde iki nusgada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk toparyna 3 günden gijä galman tabşyrylmaly:
— maglumat (görnüş №1, görnüş №2);
— okuwçynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da pasportynyň göçürmesi;
— 2 sany 3х4 ölçegdäki surat;
— okaýan mekdebinden kepilnama.
«Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» atly bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşyjylaryň çykyşlaryny bahalandyrmak üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden hem-de tejribeli daşary ýurt dilleri mugallymlaryndan ybarat eminler topary döredilýär. Eminler okuwçylaryň her bir çykyşyny 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp bahalandyrýarlar we şol bahalary goşmak arkaly soňky netijäni çykarýarlar. Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyrynda Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji ýeňiji orunlar bellenilýär. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary, işjeň gatnaşan okuwçylar Hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanarlar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79; 44-88-85;
Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40.
“Nesil” gazeti,
21.02.2020ý.