Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirýän «El hünäri — il gezer» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
I. Umumy düzgünler:
1. Şu Düzgünnama «El hünäri — il gezer» atly döredijilik bäsleşiginiň maksatlaryny, wezipelerini, şertlerini we geçiş tertibini kesgitleýär.
2. Bäsleşigiň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip, sünnälän, sungat derejesine ýetiren halk senetçiliginiň we sungatynyň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekden, hünärlere ugrukdyrmakdan, ýaş nesliň halk senetçiligi bilen meşgullanmagyna giň ýol açmakdan hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekden, mekdep okuwçylarynyň döredijilige, sungata bolan höweslerini has-da artdyrmakdan ybaratdyr.
II. Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
1. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okaýan okuwçylar gatnaşýarlar. Olaryň türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän amaly-haşam döredijilik işleri (zergärçilik, küýzegärçilik, heýkeltaraşlyk, milli işleri) hem-de çeken suratlary we fotosuratlary degişlilikde bäsleşigiň etrap (şäher), Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlarynyň guramaçylyk toparyna hödürlenilýär.
2. Bäsleşigiň her tapgyrynda eminler topary tarapyndan ýerlerden saýlanyp alnan işler bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna hödürlener.
3. Bäsleşigiň ýeňijileri baradaky şu maglumatlar her tapgyrdan soň nobatdaky tapgyryň guramaçylyk toparyna 5 günden gijä galman iberilmelidir:
— bäsleşige gatnaşyjynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da pasportynyň göçürmesi;
— bäsleşige gatnaşyjynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da pasportynyň göçürmesi;
— gatnaşyjynyň ýaşaýan ýeriniň salgysy we telefon belgisi;
— 3x4 ölçegdäki 2 sany fotosurat hem-de özi we dogan-garyndaşlary hakyndaky şahsy maglumat.
4. Bäsleşige gatnaşýan okuwçylaryň hödürlän işlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işler, ýetilen sepgitler, halkymyzyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklarymyz, milli senetçilik däplerimiz, ata-babalarymyzdan we ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän milli işleriň görnüşleri, milli baýramçylyklarymyz, taryhy we medeni ýadygärliklerimiz (maket görnüşi), «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyz, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi wasp edilip, olarda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyz şöhlelenmelidir.
5. Bäsleşige hödürlenýän surat eserleriniň ölçegi 50x70 santimetr (boýy 50 santimetr, ini 70 santimetr) ululykdaky kagyza ýerleşdirilip, olaryň daşy ramkalanan görnüşde bolmaly we suratlar çekilende guaş reňkleri ulanylyp, olar plakat görnüşinde berilmeli. Fotosuratlaryň ölçegi 15x20 santimetr bolup, olaryň daşy kagyz ramkalanan görnüşde bolmaly.
6. Bäsleşigiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrynda seçilip alnan işler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleri we Baş bilim müdirlikleri tarapyndan tassyklanan bolmalydyr.
7. Döredijilik bäsleşigi şu aşakdaky tertipde üç tapgyrda geçirilýär:
— birinji tapgyr 2020-nji ýylyň 25-nji martyndan 6-njy apreline çenli aralykda etraplarda, şäherlerde geçirilýär;
— ikinji tapgyr 2020-nji ýylyň 10 — 20-nji apreli aralygynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilýär, bu tapgyra bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlarynda yglan edilen ugurlar boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelän işler gatnaşdyrylýar;
— jemleýji döwlet tapgyry 2020-nji ýylyň 10 — 17-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Aşgabat şäherinde geçirilýär, bu tapgyra bäsleşigiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrynda ugurlar boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelän işleri taýýarlan mekdep okuwçylary gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Diplomlar we sowgatlar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79, 44-88-85;
Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40.
“Nesil” gazeti,
19.03.2020ý.