“TALYP JOŞGUNY — 2020” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY

«Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň bi­le­lik­de ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň çe­per hö­wes­jeň ta­lyp ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çir­ýän «Ta­lyp joş­gu­ny — 2020» at­ly dö­re­di­ji­lik fes­ti­wa­ly­nyň

DÜZGÜNNAMASY

Berkarar döwletimiziň sene ýazgysy beýik başlangyçlaryň esasynda il-ýurt bähbitli ajaýyp işleriň bitirilmegi, uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy bilen baýlaşýar. Milli Liderimiziň: «Medeniýet, ýaş nesli milletiň gadymy ruhy däp-dessurlarynda terbiýelemek döwlet işiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar» diýip nygtamagy ýurdumyzda bu ulgamyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň medeniýetini hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky döwlet derejesinde alnyp barylýan tutumly işler halkymyzyň ata Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymy taryhyny we medeni mirasyny içgin öwrenmeklige uly ähmiýet berýär. Bu zatlaryň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýeti bardyr.

«Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň mekany» ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Talyp joş­gu­ny — 2020» at­ly dö­re­di­ji­lik fes­tiwalyny yglan edýär.

Festiwal şu aşakdaky ugurlar boýunça şertlendirilýär:

1. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän, «Türkmenistan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly bi­len bagly edebi-çeper kompozisiýa (talyplar islegine görä daşary ýurt dillerinde çykyş edip bilerler).

2. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, ata Watanymyzy wasp edýän bir aýdym.

3. Ta­lyp ýaş­la­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de bir aýdyşyk aýdymy.

4. Ta­lyp­lar­dan dü­zü­len to­pa­ryň ýe­ri­ne ýetirmeginde türkmen halk aýdymy.

5. Ta­lyp­lar to­pa­ryn­dan dü­zü­len orkestriň milli we nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyş.

6. Ta­lyp dur­mu­şyn­dan de­giş­me sahnasy.

7. Halk dö­re­di­ji­li­gi­niň eser­le­rin­den bir parçany ýerine ýetirmek.

8. Şahyrlaryň şygyrlaryndan çeper okaýyş.

9. Meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek.

10. Taryhda yz galdyran şahsyýetlerimiziň keşbini çeper ussatlyk bilen teatrlaşdyrylan sahna oýny arkaly janlandyrmak;

11. Saz astynda tansly çykyş.

Festiwalyň geçiş tertibi:

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary şu Düzgünnama metbugatda çap edilen gününden başlap, 2020-nji ýylyň 28-nji maýyna çenli bije çekmek arkaly öz ýokary okuw mekdebiniň fakultetleriniň arasynda saýlanyp alnan ugur boýunça bäsleşik geçirip, şol bäsleşigiň ýeňijilerinden çeper höwesjeňler toparyny döredýärler we onuň düzümini kesgitläp, ony guramaçylyk toparyna tabşyrýarlar. Ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebi özünde geçirilen «Talyp joşguny — 2020» at­ly dö­re­di­ji­lik fes­ti­wa­ly­ny hökmany suratda ýazgy etmeli we DVD formatly kebşirlenmedik görnüşdäki wideo ýazgylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň watançy ýaşlar bölümine bäsleşigiň geçen gününiň ertesi tabşyrmalydyr. Ýokary okuw mekdeplerinden saýlanan çeper höwesjeňler topary 2020-nji ýylyň 1 — 5-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da döw­let de­rejesinde geçiriljek döredijilik festiwalynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar.

Döredijilik festiwalynda ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren ýokary okuw mekdepleriniň talyplar toparlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79, 44-88-85.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-84-16.

“Nesil” gazeti,

05.05.2020ý.