«Senet – eliň altyn bilezigi» atly sergi bäsleşik

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçiriljek

«Senet – eliň altyn bilezigi» atly
sergi bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmakda uly tagallalar edilýär.

Türkmen halky maşgalada ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak, nesilleri milli ruhda terbiýelemek baradaky meselä aýratyn üns bilen seredýär. Dünýäde hiç bir milletiňkä meňzemeýän özboluşlylygy bilen tapawutlanýan milli ýol-ýörelgämizi durmuşa doly ornaşdyrmak bilen çäklenmän, milliligimizi kalbymyza, aňymyza, durkumyza gyşarnyksyz siňdirip, nesillerimizi milletimiziň gadymdan gelýän ahlak däplerinde terbiýelemek — biziň öňümizde durýan mukaddes borjumyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň milli medeniýetini, halkymyzyň däp-dessurlaryny gorap saklamak we ata-babalarymyzdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň kämil nusgalaryny giňden öwrenmek boýunça, şeýle hem milli Liderimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda «XXI asyryň ösen şahsyýetini kemala getirmegiň esasy hökmünde halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna daýanyp, ýaş nesillerde taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemeli» diýip beren tabşyryklaryna esaslanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde «Senet – eliň altyn bilezigi» atly sergi bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň düzgünleri we şertleri:

Bäsleşige 14-30 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşyjylar halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän senetçiligiň we milli el işleriniň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetiren işlerini degişlilikde
TMÝG-niň etrap (şäher), Aşgabat şäher we welaýat Geňeşleriniň guramaçylyk toparyna hödürlemeli (hödürlenen döredijilik eserleri Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ygtyýarlygyna berilýär).
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlar döredijilik eserlerini «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 8-nji oktýabryna çenli Ýaşlar guramasynyň ýerli etrap (şäher) Geňeşlerine hödürlemeli.
Bäsleşigiň ýeňijileriniň döredijilik eserleriniň suratlary TMÝG-niň Merkezi Geňeşine degişli bolan www.yashlar.gov.tm elektron web saýtynda «Senet – eliň altyn bilezigi» atly şygar astynda şöhlelendiriler.

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

Bäsleşik 2 tapgyrda geçiriler, Aşgabat şäher we welaýat tapgyry 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-yna jemlenilip, ýeňiji bolan döredijilik eserleri döwlet tapgyryna hödürlener.
«Senet – eliň altyn bilezigi» atly sergi bäsleşiginiň döwlet tapgyry «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 15-nji oktýabrynda jemlener.
Bäsleşigiň ýeňijilerini TMÝG-niň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanan eminler topary kesgitlär.
Bäsleşigiň ýeňijileri TMÝG-niň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar. Işjeň gatnaşan ýaşlara höweslendiriji sowgatlar gowşurylar.