Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN — MENIŇ WATANYM» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz ygtybarly we oňyn gatnaşyklaryň üstünlikli ýola goýulýan ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň özboluşlylygy onuň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ilerledilmegindäki aýratyn orny bilen şertlendirilip, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň ýola goýulmagy ýaly belent maksatlardan gözbaş alýar.
Halkara hukuk tejribesinde täze bir ugur bolmak bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Ýer ýüzünde hyzmatdaşlygyň we deňhukuklylygyň saklanylmagynyň täze konsepsiýasyny kemala getirýär, ýurdumyzyň halkara giňişlikde adamzadyň gymmatlyklarynyň we umumy gyzyklanmalarynyň goragyndaky öňdebaryjylygyny has-da pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, harby bileleşiklere gatnaşmazlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek ýaly ýörelgeler döwletimiziň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz düzüjileri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň sebit hem-de halkara derejede tutuş adamzadyň bähbitlerini nazarlaýan hem-de asuda we bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen ynsanperwer başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunlukda, hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty arkaly ählumumy durnuklylyga, howpsuzlyga we raýdaşlyga gönükdirilen ynsanperwer maksatlarynyň hemmetaraplaýyn ilerledilmeginde ýaşlaryň orny aýratyn uludyr.
Bu ugurda milli Liderimiziň berkarar eden bagtyýar we eşretli durmuşynyň höziri kalplara ylham, köňüllere joşgun berýär. Ýaş zehinlerimiziň döredijiliginde mukaddes Watanymyz, eşretli döwrümiz, bagtyýar ýaşlyk, parahatçylygy söýüjilik, dost-doganlyk we raýdaşlyk ýaly ynsanperwer gymmatlyklaryň waspy belentden ýetirilýär. Bagtyýar türkmen ýaşlary döwür bilen aýakdaş gidip, onuň sesine mynasyp ses goşýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Halk we Watan diýen beýik sözler ýaşlaryň dilleriniň senasy, baş şygary bolmalydyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Baky Bitarap Türkmenistan — meniň Watanym» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň baş maksady «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň hukuk aýratynlygy, onuň sebit we halkara derejedäki ähmiýeti, durnukly ösüşiň, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň özboluşly aýratynlyklary hakynda öz garaýyşlaryny beýan etmek bilen, parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagyndaky aýratyn ornuny giňişleýin açyp görkezmekden, milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly döwlet syýasatyny giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
— Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.
— Bäsleşik döredijiligiň şu ugurlary — publisistik makalalary we oçerkleri taýýarlamak boýunça geçirilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, watansöýüjiligi, hemişelik Bitaraplygymyzy we parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän döredijilik eserlerini 2020-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.
— Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Baky Bitarap Türkmenistan — meniň Watanym» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki (4 sany) fotosurat, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgileri) goşmalydyrlar.
— Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Baky Bitarap Türkmenistan — meniň Watanym» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki (4 sany) fotosurat, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgileri) goşmalydyrlar.
— Bäsleşigiň jemleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2020-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan döredijilik eserleri üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy.
E-mail salgysy: nesil-gazeti@online.tm
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi: 44-56-37, 44-57-85. «Nesil» gazetiniň redaksiýasy: 38-61-57, 39-95-26.
“Nesil” gazeti,
22.10.2020ý.