AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Myhmanhana hyzmatlary. 

2. Syýahatçylyk hyzmatlary. 

3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (syýahatçylyk pudagynda). 

4. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy. 

5. Daşky gurşawy goramak we tebigy miras. 

6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy. 

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. 

Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli. 

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6-njy iýuly — 8-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; 

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy; 

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; 

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 

— şahsy pasportyny; 

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. 

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 11-12-si, 14-i we 15-i günlerinde Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär. 

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: 

myhmanhana hyzmatlary; syýahatçylyk hyzmatlary; daşky gurşawy goramak we tebigy miras hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, geografiýa, jemgyýeti öwreniş; 

ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (syýahatçylyk pudagynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy hünärleri — matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş; 

jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy hünäri — himiýa, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar: 

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar; 

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler. 

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk etraby, 2023 (M.Kösäýew) köçesi, 49, Tel: 36-48-14, 36-13-36, 36-48-15.

Meňzeş habarlar