DAŞOGUZYŇ MAGTYMGULY GARLYÝEW ADYNDAKY ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI 

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Türkmen milli saz gurallary. 

2. Kirişli saz gurallary. 

3. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary. 

4. Saz mugallymçylygy. 

5. Sazyň taryhy we nazaryýeti. 

6. Bagşyçylyk sungaty. 

7. Aýdym aýtmak sungaty (wokal). 

8. Fortepiano. 

9. Hor dirižýorlygy. 

10. Halk saz gurallary. 

Ýörite sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. 

Ýörite sungat mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatyny, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini tamamlan oglan-gyzlar kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; 

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy; 

— sazçylyk bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy; 

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar: 

— şahsy pasportyny; 

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny; 

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 22-si, 24-i, 26-sy günlerinde Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebinde (Daşoguz ş.) geçirilýär. 

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: 

sazyň taryhy we nazaryýeti hünäri — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy; 

galan ähli hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy. 

Dersler boýunça giriş synaglary sungat mekdepleriniň we Türkmenistanyň orta mekdepleriniň (Türkmenistanyň taryhy) okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 

Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Daşoguz ş., Magtymguly şaýoly, 28a, tel.: 7-49-65.
 

 

Meňzeş habarlar