2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1. Aýdym-saz sungaty (hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary; aýdym sungaty; bagşy; opera sungaty; hor dirižýorlygy; sazşynaslyk; kompozisiýa; türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk; saz mugallymçylygy).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Aýdym-saz sungaty (hünärler: türkmen sazy; estrada sungaty).
Konserwatoriýa Türkmenistanyň orta hünär saz bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Estrada sungaty hünäri boýunça saz bilimi çagalar sazçylyk mekdebiniň möçberinden pes bolmadyklar kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusga boýunça rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— orta we orta hünär bilim barada resminamalarynyň asyl nusgasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakyndaky wagtlaýyn şahadatnamanyň nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň 22-nji iýulyndan 1-nji awgusty aralygynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary hünärleri — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
aýdym sungaty; opera sungaty; bagşy; saz mugallymçylygy hünärleri — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
hor dirižýorlygy hünäri — hünäri boýunça we fortepiano (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
kompozisiýa hünäri — döreden eserleri we fortepiano (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
sazşynaslyk; türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk hünärleri — solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), saz guraly (ýerine ýetirmek) we saz edebiýaty (ýazmaça we
dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
estrada sungaty hünäri — hünäri boýunça we ýörite saz guraly (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden).
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň, ýörite orta sazçylyk mekdepleriniň, çagalar sazçylyk mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň salgysy:
Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22, tel.: 92-28-56