Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň resmi web saýty 

https://science.gov.tm/tm/

Birža barada: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Türkmenistanda bitewi ylmy-tehniki syýasaty ýöretmek, ylmyň iň täze gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, ylmy-tehniki ösüşiň döwlet maksatnamalaryny işläp düzmek hem-de yzygiderli we netijeli durmuşa geçirmek boýunça iş alyp barýan edaradyr.

Ylymlar akademiýasynyň esasy wezipeleri şular bolup durýar:

– döwletiň ylmy-tehniki syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek;

–  ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşini çaklamak we olaryň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek;

– ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagy gazanmak we ylmy-tehniki maksatnamalary utgaşdyrmak;

– ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň talaplaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, düýpli we amaly ähmiýetli ylmy barlaglary, tejribe-konstruktorçylyk we tehnologik barlaglary guramak, geçirmek hem-de olary maliýeleşdirmegiň ýollaryny gözlemek;

– ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak;

– ylym we tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň ugurlaryny hem-de dünýä ylmynyň ösüş ugurlaryny göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan 6 sany ugry kesgitlenildi we Hökümet tarapyndan tassyklanyldy:

1. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika.

2. Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika.

3. Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary.

4. Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary.

5. Innowasion ykdysadyýet.

6. Ynsanperwer ylymlar.

Türkmenistanda ylmy barlaglar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ylmy institutlarynda we merkezlerinde, ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýär.

info@exchange.gov.tm
brokers@exchange.gov.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 12 446015; 
Redaksiýanyň salgysy: 744000, Türkmenistan ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly 52
 

Meňzeş habarlar