Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň resmi web saýty 

https://cci.gov.tm/tk/

Biz barada: Тürkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegine, dünýä hojalyk ulgamyna goşulmagyna, döwrebap senagat, maliýe we söwda düzümlerini emele getirmäge, telekeçilik işi  üçin amatly şertleri döretmäge, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady, ylmy we tehniki gatnaşyklary ýola gorýama ýardam bermek maksady bilen döredildi.

Ýurtda öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny ösdürmäge ýardam bermek Türkmenistanyň SSE-niň ileri tutýan wezipesidir. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy türkmen edaralaryna we hususy telekeçilere daşary ýurt bazarlarynda işlerini amala aşyrmaga ýardam berýär. Ilkinji nobatda, diňe ýurdumyzyň däl, eýsem daşary ýurt telekeçilerine hem gowy hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek, şol sanda:

• Seljerme namalaryny we harytlaryň gelip çykyşy hakynda ST-1 sertifikatlaryny bermek,

• organoleptiki seljerme geçirmek,

• gümrük beýannamalaryny resmileşdirmek,

• maddy serişdeleriň könelme derejesini tassyklamak üçin maslahat namasyny bermek,

• fors-mažor ýagdaýlaryny tassyklaýan netijenamalary bermek,

• daşary ýurt dillerinden/daşary ýurt dillerine terjime etmek,

• terjime edilen resminamalary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň möhüri bilen  tassyklamak,

• dürli görnüşli işewürlik çärelerini (maslahatlar, forumlar we ş.m.) guramak we geçirmek ýaly hyzmatlary muňa mysal getirip bolar. 

info@cci.gov.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 12 398981; 
Redaksiýanyň salgysy: Aşgabat ş, Çandybil köçesi 143

Meňzeş habarlar