Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky hojalyk dolandyryş direksiýasynyň resmi web saýty 

http://terminal.gov.tm/

Biz barada: Halkara söwda işinde daşalýan ýükler bilen amallary geçirmek we olary saklamak hyzmatlaryny etmek boýunça 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Hojalyk dolandyryş direksiýasy döredildi. Direksiýany esaslandyryjy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bolup durýar. Direksiýa edara görnüşindäki tarap bolmak bilen doly hojalyk hasaplaşygy we öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerinde işleýär. Direksiýa hojalyk işiniň çäklerinde beýleki kärhanalar, guramalar we fiziki şahslar bilen ýüze çykýan gatnaşyklary şertnamalaryň esasynda amala aşyrýar. Gury portlaryň işini dolandyrmak, ýükler bilen amallary geçirmek, olary saklamak we gaýtadan ýüklemek boýunça hyzmatlary etmek, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar tarapyndan amala aşyrylýan işler üçin amatly şertleri döretmek Direksiýanyň esasy wezipeleri bolup durýar.

info@terminal.gov.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 12 57-49-50;

Faks: +993 12 44-69-59;

Redaksiýanyň salgysy: 744205, Türkmenistan, Aşgabat ş., Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, Garagum derýasyndan 3000 m demirgazykda, Änew-Daşoguz aýlaw ýolunyň gündogar tarapy
 

Meňzeş habarlar