Türkmenistanyň adalat ministrliginiň resmi web saýty 

http://minjust.gov.tm/

Biz barada: Türkmenistanyň Adalat ministrligi adalat edaralarynyň işini düzgünleşdirmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän, ygtyýarlyklarynyň çäginde adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagynyň üpjün edilmegine we döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrmaga gönükdirilen hem-de Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly adalat edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasydyr.

Ministrlik öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnamany goldanýar.

info@minjust.gov.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 12 39-19-21;

Faks: +993 12 39-19-71;

Redaksiýanyň salgysy: Türkmenistan Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 150
 

Meňzeş habarlar