Hormatly ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!
Sizi «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.
Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmagynda, ýurdumyzyň daşary syýasaty halkara giňişliginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryny ösdürmekde uly goşant goşýar.
Ýurdumyzyň diplomatik gullugy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy derejesinde yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp garşylamak üçin uly möçberli daşary-syýasy çäreleri amala aşyrar.
2021-nji ýylyň milli şygarynyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli we eziz Diýarymyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk tejribesini dünýä ýaýratmak üçin ýurdumyzda we daşary döwletlerde giň gerimli we möhüm ähmiýetli wakalar bellenilip geçiler.
Bu şanly seneler mähriban Watanymyzyň mysalynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iş ýüzünde dabaralanmagyny aňladýar.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Türkmenistan özüniň Garaşsyzlygynyň ilkinji ädimlerinden başlap, halkara gatnaşyklarynda we daşary syýasatda Bitaraplyk ýörelgelerini saýlap aldy.
25 ýylyň içinde toplanan oňyn tejribe Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini iş ýüzünde subut etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we netijeli işlemegi hem Bitaraplygyň parahatçylygy dörediji güýjüni görkezýär.
Ýurdumyzyň teklipleri esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi strategik hyzmatdaşlygyň netijeli mazmunyny açyp görkezýär.
Türkmenistanda halkara syýasatyň we diplomatiýanyň möhüm ugurlaryna bagyşlanan ýokary wekilçilikli halkara forumlaryň we duşuşyklaryň geçirilmegi ýokarda aýdylanlary doly tassyklaýar. Munuň özi bolsa Bitaraplyk ýörelgeleriniň dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň has hem kämilleşdirilmegine itergi berýär.
Türkmenistanyň teklibi bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň döredilmegi syýasy-diplomatik gurallary has netijeli ulanmak üçin uly mümkinçilikleri döreder diýip hasaplaýarys.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Türkmenistan özüniň baky Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýerip, sebit we dünýä döwletleri bilen dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen birlikde energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, ýokary tehnologiýaly «ýaşyl ykdysadyýet», medeni-ynsanperwer ýaly ähmiýetli ulgamlarda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan şertler döredilýär.
Türkmenistan bu gün kuwwatly ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, aýdyň geljege tarap ynamly barýar. Baky Bitarap döwletimiziň parahatçylykly hem-de ynanyşmak medeniýetine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur şertleri döretmeklige gönükdirilendir.
Bu babatda, döwletara we hökümetara derejelerde syýasy-diplomatik, halkara-hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna belent talaplar bildirilýär.
Ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň öňde goýlan wajyp wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine men berk ynanýaryn.
Biz halkara gatnaşyklarymyzda Türkmenistanda netijeli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatynyň ylmy we tejribe taýdan düýpli öwrenilmegine uly üns berýäris. Şu günki maslahatyň dowamynda biziň döwletimiziň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň oňyn tejribesi hem-de parahatçylygy berkitmeklige aýratyn goşandy barada netijeli pikir alyşmalar bolar diýip ynanýaryn.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!
Sizi ýene-de bir gezek «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we alyp barýan möhüm ähmiýetli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.