Şu gün, 23-nji fewralda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanan Meýilnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlilik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen talyp oglanlaryň arasynda geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berildi. Onda çykyş edenler halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, milli ýol-ýörelgeleri, ruhy-ahlak gymmatlyklary babatynda giňişleýin gürrüň etdiler we ýaş nesillerimiziň watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelenmegi babatda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleriniň ähmiýeti dogrusynda gymmatly maslahatlary berdiler.
Mekan NAZAROW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.