Ýaşlar syýasaty işjeň durmuşa ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we bu maksatnamany amala aşyrmak üçin ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasynda beýan edilýän wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek şeýle hem ýaşlarda Garaşsyz Watanymyza, merdana halkymyza we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmak, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylmyň soňky gazanan innowasion sanly tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, Watan diýen beýik düşünjäniň mukaddesdigini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek üçin şu ýylyň 22-nji fewralda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi we welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde gurnamagynda Balkanabat şäheriniň ýokary, ýörite orta we orta mekdep okuwçylaryň gatnaşmagynda ýaşlarymyzyň döredijilik taslama işleriniň sergisini we döredijilik işlerini ýaýmak maksady bilen söhbetdeşlik duşuşygy  geçirildi.

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.