Köp çagaly eneleri hormatlamak dabarasy

7-nji martda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem paýtagtymyzyň häkimliginiň binasynda köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda dabaralar we Halkara zenanlar güni mynasybetli guralýan çäreler milletiň ruhy gymmatlyklarynyň dabaralanýandygyny, halkymyzyň gadymy mukaddes däplerine, öý-ojagyň söýesi hasaplanylýan enelere hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan wakalara beslenýär.

Şu günki geçirilen dabara ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, döredijilik toparlarynyň wekilleri, şeýle hem Aşgabatdan köp çagaly eneler gatnaşdylar. Olara 8-nji mart baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň zenanlaryna iberen baýramçylyk Gutlagynda ösüp barýan ýaş nesilleri watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, Watanymyza, halkymyza, jemgyýetimize we maşgala gymmatlyklaryna söýgi we hormat duýgularyny kemala getirmekde mährem enelere möhüm ornuň degişlidigini nygtalýar.

Dabaraly çärä gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, türkmen zenanlary döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlarynda öndürijilikli zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barýarlar, Watanymyzyň beýik gazananlaryna mynasyp goşant goşmak ugrunda jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar. Ýokary bilim we belent hünär derejesi, olaryň oňyn teklipleri hödürlemegi zenanlaryň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň zenanlary her ýylda döwlet sylaglaryna, ordenlere we medallara mynasyp bolýarlar.

“Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleriň jemgyýetimiziň we döwletimiziň bitiren hyzmatlarynyň aýratyn ykrarnamasy, zenanlaryň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşandynyň tassyklanmasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zenanlarymyzyň pähim-paýhas, salyhatlylyk, wepadarlyk häsiýetlerine ýokary baha berip, olary durmuş özgertmelerine, jemgyýetde demokratik, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegine, milli däpleriň saklanmagyny we ösdürilmegine işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň ähli zenanlaryň adyndan milli Liderimize berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, uzak ömür we täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde sekiz we ondan köp çagany ösdürip ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasynda olara Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hem-de köp çagaly maşgalalara ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurmak dabaralary geçirildi.

Asylly däbe görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklary ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryna, şol sanda talyp gyzlara, okuwçy gyzlara we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara gowşuryldy.