Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

7-nji martda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mähriban aýal-gyzlarymyzyň hormatyna konsert geçirildi.

Maşgala ojagyna wepalylygy bilen jemgyýetiň sazlaşygyny emele getirýän zenanlaryň bahar baýramy "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" şygaryna beslenýän şu ýylda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.

Aýal-gyzlar, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky alada, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, hakyky gender deňligini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir.

8-nji mart baýramy zenanlara bolan çäksiz söýgüni sungatyň üsti bilen beýan etmek, olaryň gözelligini we ajaýypdygyny wasp etmek üçin şanly senedir.

Türkmen nusgawy edebiýaty zenanlara çäksiz söýgä hem-de olara sarpa goýmak duýgularyna beslenendir. Magtymgulynyň we Mollanepesiň, köpsanly beýleki türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleri beýik milli döredijiligiň ajaýyp nusgalarydyr, olary aýal-gyzlaryň ajaýyp häsiýetleri döredijilik belentliklerine ruhlandyrypdyr, halkymyzyň ene ýüregi, olaryň aýratyn mähre ýugrulan hüwdüleri barada döreden hem-de dilden dile geçip gelýän rowaýatlary türkmenlerde enäni mukaddeslik hökmünde sarpalamak ýörelgelerini kemala getiripdir.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň zenanlaryna bagyşlanyp Mukamlar köşgüniň sahnasynda guralan çykyşlar döwrümiziň belent döredijilik ruhuny, milli sungatymyzyň iň ajaýyp däpleriniň dowamatlylygyny aýdyň görkezdi.

“Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk konsertiniň ajaýyp başlangyjy boldy, ony aýdymçylar, teatrlaryň artistleri, tans we aýdymçylar, şol sanda çagalar toparlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Konsert “Kakyň dowullary, ýaň salsyn dünýä, Arkadagym bilen öňe biz, öňe!” diýen ajaýyp çykyş bilen dowam etdi, onda eziz Watanymyz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, ony dörediji we ruhlandyryjy türkmen halkynyň Arkadagy wasp edilýär, döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk söýüji döredijilikli syýasaty belent taglymlara, şöhratly ata-babalarymyzyň parasatly we ynsanperwer ýörelgelerine esaslanmak bilen Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitmegine ýardam berýär.

Joşgunly çykyşlar bilen başlanylan baýramçylyk konserti belli halk we estrada aýdymçylarynyň, paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň, tans we saz toparlarynyň, çagalar döredijilik hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

Däbe görä, baýramçylyk çykyşlarynyň maksatnamasynda gadymy Küştdepdi tansy hem möhüm orun aldy. Ol halk döredijiliginiň aýdyň öwüşginli nusgasy hem-de milletiň taryhy-medeni ýörelgeleriniň we ruhy baýlygynyň özboluşly sazlaşygyny emele getirýär.

Garaşsyz Watanymyza bolan belent buýsanja beslenen hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bagtyýarlyk döwrüniň bagtly zenanlaryny wasp edýän aýdym Halkara zenanlar gününe bagyşlanan konsertiň ýatdan çykmajak jemlenmesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen hem-de baştutanlygynda halkymyzyň, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Meňzeş habarlar