6-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyny kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň salamyny döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Türkiýe Respublikasynyň Baştutany milli Liderimize hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Şeýle-de milli Liderimiz we myhman ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde we dürli ugurlarda däp bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ugurlary döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Türkiýäniň daşary işler ministri Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýän türk işewürlerine berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkiýanyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly iki ýurduň arasynda uzakmöhletleýin gatnaşyklary arkaly berkidilen ýörelgeler esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Saparynyň dowamynda, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy.