8-nji martda ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni dabaralandyryldy. Milli ýörelgelere laýyklykda geçirilýän bu baýram döwletimizde gelin-gyzlara bolan mähirli gatnaşyklary äşgär edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna iberen baýramçylyk Gutlagynda enelerimize, zenanlarymyza we gyzlarymyza watansöýüjilik, pähim-paýhas, salyhatlylyk, ak ýüreklilik, gaýratlylyk, wepadarlyk, mertlik, ar-namyslylyk, mylaýymlylyk ýaly ýörelgeleriň mahsusdygy nygtalýar. “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň, milletimiziň abraý-mertebesiniň dünýä dolýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe siziň bu asylly häsiýetleriňiz ahlaklylygyň we gözelligiň ajaýyp nusgasy bolup durýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.
Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlarynyň hormatyna baýramçylyk konserti geçirildi. Onda meşhur estrada aýdymçylary, dürli aýdym-saz we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri çykyş edip, gelin-gyzlary mübäreklediler.
Türkmen döwlet tans toparynyň artistleri, “Dokmaçylar”, “Serpaý”, “Galkynyş” folklor toparlary, “Meňli” tans topary aýdym-sazly çykyşlaryň dabarasyny belende göterdiler.
Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, folklor çykyşlary, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, döwrebap çykyşlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan, iňlis, hindi, türk, özbek, gazak we ermeni halklarynyň aýdymlary ýaňlandy. Munuň özi “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda 8-nji mart baýramyny giňden dabaralandyrýan halkara bileleşiginiň bir bitewüliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Bu ýerde guralan dabara köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri we dürli pudaklarda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Şeýle hem baýramçylyk dabarasyna daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara düzümleriniň aýal-gyzlardan ybarat wekilleri çagyryldy.
Konsertiň başynda gelin-gyzlara bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Oňa Türkmen milli konserwatoriýasynyň toparlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.
Olaryň dürli öwüşginli ajaýyp çykyşlary zenanlara bolan bimöçber söýgi, öý-ojaklaryň söýesi, däp-dessurlary saklaýan, mähir, hoşniýetlilik eçilýän hem-de aladaçyl enelere bagyşlanan sena bolup ýaňlandy. Munuň özi türkmen halkynyň “Jennet – enäniň aýagynyň astynda” diýen paýhasly jümlesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Soňra sahnada sungat ussatlarynyň we ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar aýdym-sazlaryny ýurdumyzyň zenanlaryna bagyşladylar. Bu çykyşlar enelere bolan söýgi, hormat, hoşallyk duýgulary we nurana arzuwlar bilen utgaşdy.
Estrada çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary, baýramçylyk gutlaglary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Ajaýyp aýdymlar arkaly türkmen baharynyň we mährem gelin-gyzlaryň gözelliginiň waspy ýetirildi. Çünki munuň özi şahyrlary, kompozitorlary we aýdymçylary belent döredijilige ruhlandyrýan gymmatlyklar bolup durýar.
Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda “Diýarymyň owadan, bagtyýar zenanlary” atly aýdym ýaňlandy. Ol ýurdumyzyň ähli enelerine, gelin-gyzlaryna, söýgüli we mähriban zenanlara bagyşlandy.
Ýurdumyzyň aýal-gyzlary döwletimizde oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, parahatçylygyň we döredijiligiň möhüm şerti bolan abadan durmuşyň üpjün edilmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edýärler.