Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä çempionyny sarpalamak dabarasyna gatnaşdy

10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda agyr atletika boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda mynasyp bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary we türgenler gatnaşdylar. Ýygnananlaryň hatarynda daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýulduz Jumabaýewa 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda mynasyp bolan altyn medalyny gowşurdy. 

Dabaranyň dowamynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti doktor Maýkl Iranä we Halkara agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, Aziýanyň agyr atletika federasiýasynyň birinji wise-prezidenti Mohammed Jaluda söz berildi. Olar sanly wideoaragatnaşyk arkaly dabara gatnaşyjylara ýüzlendiler.