Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

B.G.Mätiýewi Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, halkara abraýyny pugtalandyrmakda, aýratyn netijeli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly zähmet üstünlikleri üçin hem-de döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Gurbanberdiýewiç Mätiýewi Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.

***

M.Y.Sähetmyradowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, Watanymyzyň sport abraýyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly zähmet üstünlikleri üçin hem-de döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly.

***

Ý.A.Jumabaýewany Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin hem-de halkara ýaryşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň sport abraýyny goramakda uly üstünlikleri gazanandygyny, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Alymbaý gyzy Jumabaýewany Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti                                

Gurbanguly  Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 10-njy marty.