Ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän we bilim ojaklarynda bilim alýan ýaşlarymyzyň arasynda türkmen halkynyň milli mirasyny wagyz etmek hem-de ýaşlarymyza milli mirasymyzy dowam etdirmegiň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Milli miras – terbiýäniň özeni» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Oňa Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň agzalary, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň we bilim işgärleri gatnaşdylar.
Soňra duşuşyga gatnaşan ýaşlar Türkmen halysynyň milli muzeýinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagyndan sünnälenip dokalan we häzirki wagta çenli durkuny ýitirmän saklanyp galan haly önümleriniň sergilerine aýlanyp gördüler.
Oguljennet MUHAMMETNYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.