«Iň eýjejik gyzjagaz – 2021» atly şadyýan bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat baş bilim bölümi bilen bilelikde Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz – 2021» atly şadyýan bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň welaýat tapgyrynda 1-nji orna Hazar şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Perfilýewa Kamila, 2-nji orna Serdar etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Merýem Täçmyradowa  mynasyp boldular. Olar bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňiji bolan gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

                                                                                                                     Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.