11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.
Milli Liderimiz maslahaty açyp, şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini belledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyna ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýynda taýýarlyk görülýär.
Häzirki döwürde öňdebaryjy maliýe institutlarynyň berýän bahalaryna görä, dünýä ykdysadyýeti diňe haýallyk bilen ösüş ýoluna düşýär. Dünýä ykdysady bazarlarynda durnuksyz ýagdaý dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şu ýyl – Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenýän ýylynda biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki VI duşuşygyna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV duşuşygyna başlyklyk edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz daşary ýurt döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda köp sanly möhüm halkara çäreleriniň, şeýle hem Ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda köp sanly dürli baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüler. Bu bolsa, Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Biziň alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanýandygyny görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi. Mümkinçilikleriň doly möçberde ulanylmaýandygy, käbir ýolbaşçylaryň iş başarjaňlygynyň we hünär derejesiniň ýeterlik däldigi, ýerlerde işleriň dogry guralmaýandygy netijesinde sowuk-salalyga ýol berilýändigi kemçilikleriň hatarynda görkezildi.
Milli Liderimiz maslahaty dowam edip, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmagyň, aýratyn-da, çekilen serişdeleriň hasabyna gurlan senagat kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz toplumyň önümçilik düzümleriniň işini kämilleşdirmek, karz alnan serişdeleri gaýtarmak bilen baglanyşykly meseleleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklanyp, toplumyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.
Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin gysga wagtyň içinde çözmeli wezipeleriň diňe bir bölegini belläp geçdi. Elbetde, olary ýerine ýetirmek aňsat bolmaz.
Gynansak-da, durmuşymyzyň dürli ugurlarynda heniz köp sanly meseleler we kemçilikler bar. Bu meseleler hemmelere mälimdir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we ýurdumyzyň ösüşine zyýan berýän päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin başy başlanan özgertmeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Bu ugurda şu ýyl ähli ýolbaşçylar jan aýaman, tutanýerli we yhlas bilen işlemelidir. Biziň öňümizde ýene-de köp sanly kynçylyklar bolmagy mümkin. Biz bu kynçylyklary ýeňip geçmäge taýýar bolmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiz çykyşyny jemläp, esasy zady – häzirki döwürde ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen, hil taýdan ýokary derejede ösdürmegi we belende galdyrmagy üpjün etmäge ukyply, ýaş ýolbaşçylaryň hem-de täze döwlet maksatnamalarynyň zerurdygyny aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz Watanymyzy ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.