Üns beriň, bäsleşik!

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda bilelikde yglan edýän «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly makala ýazmak boýunça bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmakda uly tagallalar edilýär.

Türkmen halky maşgalada ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak, nesilleri milli ruhda terbiýelemek baradaky meselä aýratyn üns bilen seredýär. Dünýäde hiç bir milletiňkä meňzemeýän özboluşlylygy bilen tapawutlanýan milli ýol-ýörelgämizi durmuşa doly ornaşdyrmak bilen çäklenmän, milliligimizi kalbymyza, aňymyza, durkumyza gyşarnyksyz siňdirip, nesillerimizi milletimiziň gadymdan gelýän ahlak däplerinde terbiýelemek – biziň öňümizde durýan mukaddes borjumyzdyr.

Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda «XXI asyryň ösen şahsyýetini kemala getirmegiň esasy hökmünde halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna daýanyp, ýaş nesillerde taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemek» barada beren tabşyryklaryna esaslanyp, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň milli taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek, döredijilige höwesli talyp ýaşlaryň bu ugurda ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, olary türkmen halkynyň milli mirasyny sanly ulgamda wagyz etmäge işjeň çekmek maksady bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde talyp ýaşlaryň arasynda «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly makala ýazmak boýunça bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň düzgünleri we şertleri:

1. Bäsleşige ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşyp bilerler.

2. Bäsleşige gatnaşyjylar halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini goramak, dikeltmek hem-de Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny açyp görkezýän makalalary taýýarlamaly we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «turkmen-youth@online.tm» elektron poçta bukjasyna «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji iýunyna çenli ugratmaly .

3. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bellenen wekilleriniň gatnaşmagynda düzülen Eminler tarapyndan talabalaýyk hasaplanan makalalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi internet web saýtynyň «Türkmenistan-ÝUNESKO» sahypasynda hem-de «Nesil» gazetinde «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda şöhlelendiriler.

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

1. «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly bäsleşiginiň döwlet tapgyry «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 20-nji iýunynda jemlener.

2. Bäsleşigiň ýeňijilerini Eminler topary kesgitlär.

3. Bäsleşik we onuň Düzgünnamasy www.yashlar.gov.tm resmi internet web saýtynda ýerleşdirilen gününden başlap güýje girýär.

4. Bäsleşigiň ýeňijileri ony guraýjylar tarapyndan ýörite Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar. Işjeň gatnaşan ýaşlara höweslendiriji sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin:

E-poçtamyz: turkmen-youth@online.tm

Telefon belgimiz: 44-88-81, 44-88-68.

Meňzeş habarlar