Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar

Şu gün Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleriniň we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýaşlary ylyma-bilime, döredijilige, zähmete çekmek, olarda milli mirasa, däp-dessurlara, taryhy ýadygärliklere, senetçiligiň dürli görnüşlerine söýgi döretmek, ýaşlaryň watançylyk duýgularyny has-da ösdürmek maksady bilen bir ýyllyk iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça maslahatlaşyldy.

Taýýarlanyljak meýilnamada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi saýtyndaky «Medeni miras» sahypasynda häzirki wagtda ýurdumyz tarapyndan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenýän milli we köptaraplaýyn hödürnamalar barada alymlaryň, sungat işgärleriniň, zehinli ýaşlaryň «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly sözbaşy bilen çykyşlaryny yzygiderli guramaklyk, bu şygar astynda talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak boýunça bäsleşigi geçirmeklik, Türkmenistanyň alymlarynyň we belli suratkeşleriniň «Türkmenistan – ÝUNESKO: Parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly sergilerini guramaklyk, şeýle hem birnäçe gepleşikleri taýýarlamaklyk, duşuşyklary geçirmeklik we fotosurat bäsleşigini yglan etmeklik, sebitara bäsleşiklere, onlaýn okuw sapaklaryna ýurdumyzyň ýaşlaryny işjeň çekmeklik boýunça bilelikdäki işler göz öňünde tutulýar.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar