2021-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mfa.gov.tm web saýtynda habar berilýär.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtap geçdi.
Hususan-da, bu Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmegiň Ýol kartasynyň ýörelgeleri we çäreleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Mälim bolşy ýaly, düýn Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, we beýleki halkara hem-de sebit düzümleriniň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi. Şol çäräniň dowamynda çykyş eden ÝUNESKO-nyň ýokary derejeli wekilleri öz çykyşlarynda ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy we ynanyşmagy pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini belländiklerini nygtamak zerurdyr.
Şu günki mejlisiň gün tertibiniň mazmuny örän baýdy. Türkmenistanyň köp sanly taryhy we medeni baýlygyny we sungatyny ÝUNESKO-nyň ygtybarly sanawlaryna girizmek boýunça geljekki işlere garaldy. Türkmenistanyň «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamasynyň ähmiýeti bellenip geçildi. Şeýle hem Ahalteke atlaryny seýislemek sungaty we Türkmen Alabaýlary ýetişdirmek sungaty ýaly özboluşly türkmen sungatlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik tory taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň paýtagtyny «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek üçin hödürnamanyň ýagdaýyna garaldy.
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlarynyň biri, ol hem bilim bolup durýar. Mejlise gatnaşyjylar ÝUNESKO bilen bilim we ylym boýunça özara hereketleri giňeltmegiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hem-de ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň käbirlerini girizmek mümkinçiliklerine seredildi.
Şeýle-de mejlise gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Düýn gol çekilen «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan-Garagum geçelgesiniň şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna bilelikde hödürlemek, dolandyrmak we goramak hakynda Ylalaşygyň» derwaýyslygy nygtalyp geçildi.
Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň şu ýyl ýerine ýetirmeli işleriniň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.