Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabatlar diňlendi.

Welaýat häkimleri iş maslahatynyň dowamynda sebitlerde alnyp barylýan işler, hususan-da, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaça ekişine taýýarlyk görmek, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdiler. Welaýatlarda gök-miwe ekinleriniň, ýeralmanyň we soganyň bereketli hasylyny almak üçin zerur işler geçirilýär. Şeýle hem häkimler şu günler gar ýagyp, sowuk howanyň gelmegi sebäpli, miweli agaçlaryň hasyllylygynyň peselmezligi üçin görülýän agrotehniki çäreler, maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyşdan dok we ýyly alyp çykmak boýunça hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlendigi, şu günler bolsa dowarlardan owlak-guzy almak möwsüminiň üstünlikli dowam edýändigi barada hasabatlar diňlendi.

Hasabatlaryň barşynda ýazky bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça ähli çäreleriň görülýändigi bellenildi. Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda çözmek we meýilnamalaýyn işleri ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler hakynda hasabatlar berildi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewiň ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek we at çapyşyklarynyň geçirilişini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.

Ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynyň şowhunyny has-da artdyrmak, meşhur ahalteke bedewleriniň atlaryny ebedileşdirmek, şeýle hem halkara tejribelere we milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, at çapyşyklarynyň geçirilişini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, baýramçylyk at çapyşyklarynda goýulmagy teklip edilýän kuboklaryň we baýraklaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, “Ak şäherim – Aşgabat”, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň göçme kuboklarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, “Watan goragçysy”, welaýatlaryň göçme kuboklarynyň görnüşleri, türkmen topragynda şöhrat gazanan, ýyndamlykda hem-de owadanlykda taý bolmadyk “Akhan”, “Boýnaw”, “Garader”, “Gelşikli”, “Nusaý, “Pereň», “Polatly”, “Ýanardag”, “Meleguş” ýaly türkmen bedewleriniň atlaryna goýuljak baýraklaryň görnüşleriniň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer halkara tejribelerden ugur alnyp, atçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen bilelikde, at çapyşyklarynda goýumly oýunlary, ýagny totalizator oýunlaryny geçirmek üçin ýörite programma üpjünçiliginiň we onuň mobil goşundysynyň taýýarlanandygyny habar berdi hem-de olary atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek üçin birnäçe teklipleri hödürledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriljek Türkmen alabaýynyň baýramyna we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu baýramçylyklaryň örän uly ähmiýetine ünsi çekip, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen alabaýlarynyň bäsleşikleriniň ýeňijilerine gowşuryljak baýraklar barada teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy has-da ösdürmegiň, halkymyzyň bagtly, abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.