Şu ýyl Türkmenistanda 2100 tonna pile öndüriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji martdaky geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda pile öndürmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglaşmak, ýurdumyzyň daýhan birleşiklerini we beýleki pile öndürijilerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylda pile öndürmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we ýüpekçi kärendeçileriň dokma toplumyna zerur bolan gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.