Ýurdumyzda Halkara Nowruz baýramy ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji martdaky geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Onuň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli ýerinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler.

Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde köpçülikleýin medeni çäreler guralyp, şolarda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, şol sanda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklary, Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty ösdürmekde häzirki döwürde ýeten derejesi öz beýanyny tapar. Baýramçylyk mynasybetli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, oba hojalyk önümleriniň we dokma pudagynyň harytlarynyň sergilerini guramak meýilleşdirilýär. Mukamlar köşgünde Milli bahar baýramynyň hormatyna “Parahatlyk bahary” ady bilen baýramçylyk konserti geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, taryhy müňýyllyklara uzap gidýän Nowruz baýramynyň medeniýeti, sungaty we ýagşy dessurlary giňden wagyz etmekde halkara ähmiýetiniň bardygyny belläp, onuň häzirki döwürde halklaryň arasyndaky agzybirligi pugtalandyrýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Halkara Nowruz baýramy dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine döwletleriň özara gatnaşyklary üçin täze mümkinçilikleri açýar, halklaryň arasynda ynanyşmagy, özara düşünişmegi, dostlugy pugtalandyrýar.

Ähli baýramçylyk çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.