Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde gurnamagynda geçirilýän bu bäsleşige grafikaçylar, nakgaşlar, heýkeltaraşlar, keramikaçylar, halyçylar, zergärler, dizaýnerler bilen bir hatarda ýörite çeperçilik we sungat mekdeplerinde hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşyp bilerler. Grafika eserleriniň ölçegi 30x50 sm. bolmalydyr.
Nakgaşlyk eserleriniň ölçegleri 50x300 sm. bolmalydyr.
Heýkel işleriniň ölçegleri 50x150 sm. bolmalydyr. Dizaýn taslamalary dürli ölçeglerde we materiallarda ýerine ýetirilip, sergide görkezilmäge amatly işler bolmalydyr.
Bäsleşige gatnaşdyryljak işler 2021-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde kabul ediler. Bäsleşigiň netijeleri 5-nji awgustda Aşgabat şäherinde şol muzeýde guraljak serginiň dowamynda dabaraly yglan ediler. Ýeňijiler Diplomlar we sowgatlar bilen sylaglanar, aýratyn tapawutlanan işlere Hormat hatlar we höweslendiriji baýraklar göz öňünde tutulýar.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-00-41, 92-22-90