Kalby buýsançly nesil

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryny, maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen berk baglydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurduň durnukly we howpsuz ösüşini üpjün etmekde ýaşlara aýratyn orun degişli bolup, olary terbiýelemek meselesi strategik ähmiýetli çözgütleriň hatarynda durýar. Ýaşlaryň döwrebap dünýägaraýyşlaryny kemala getirmek we ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugruny emele getirýär. Ýaşlar syýasaty — bu ýaşlar bilen döwletiň arasyndaky gatnaşygy sazlamak boýunça döwletiň alyp barýan içerki syýasatydyr. Ýurdumyzyň ýaşlar syýasaty ykdysady-hukuk meseleleri babatynda ýaşlaryň isleglerini durmuşa geçirmekde şertleri döretmegi, täze ykdysady gatnaşyklaryň şertlerinde olaryň zähmet baradaky hukuklaryny goramagy, ýaşlaryň okuwdan zähmete sazlaşykly ýagdaýda geçmegini üpjün etmegi, ýaş hünärmenleriň we ýokary hünärli ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini kepillendirmegi göz öňünde tutýar. Ýaşlar syýasatyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda esasy düzgünleriň biri hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan institutynyň girizilmegidir. Şeýle çemeleşme ýaş raýatlaryň degişli bolan, jemgyýetde durmuş-demografik toparlaryň ýaş ösüşiniň aýratynlygy, ýaşlar bilen işlemekde döwlet häkimiýet we dolandyryş gurluşlarynyň ählisiniň işjeň gatnaşmagynyň zerurlygy bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy, «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy» ýaşlaryň bilim almak, hünär edinmek, iş bilen üpjünçilik babatda hukuk binýadyny emele getirýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, bu Kanun ýurduň ýaş raýatlarynyň döwleti we jemgyýeti ösdürmekdäki ornuny güýçlendirmek boýunça, şeýle hem dünýä tejribesini we halkara kadalaşdyryjy resminamalaryny hasaba almak bilen, hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn ýörelgelerine esaslanýar. Bu Kanunda 14 ýaşdan 30 ýaşa çenli ýaş raýatlar — okuwçylar, talyp ýaşlar, ýaş hünärmenler, ýaş telekeçiler, ýaş alymlar ýaly maksatlaýyn toparlara bölünip, olary döwlet tarapyndan goldamak çäreleri kesgitlenildi. Bu Kanunyň binýadynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy we sazlaşykly ösmegi, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşygyny üpjün etmek üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. «Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça anyk wezipelerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işine täzeçil usullary we çemeleşmeleri ornaşdyrmak göz öňünde tutuldy we bu boýunça pikirler we teklipler öňe sürüldi. Guramanyň esasy wezipesi adamyň we jemgyýetiň ösmegine ýardam etmek, onuň intellektual we zähmet mümkinçiliklerini kemala getirmek bolup durýar. Durmuş ähmiýetli çäreleri geçirmegiň meýilnamalaryna hem-de ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, döwlet edaralary, şeýle hem orta we ýokary okuw mekdepleri, ylym we medeniýet edaralary bilen hyzmatdaşlykda ösüp gelýän nesil bilen işlemek boýunça dürli taslamalary amala aşyrmagyň ugurlary bu guramanyň baş wezipeleriniň hatarynda durýar.

Döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim almagy üçin şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Döwletimiz mekdebe çenli terbiýe berýän çagalar edaralarynda we okuw mekdeplerinde, ylmy edaralarda aň, bilim, ylym işleriň derejesini ýokarlandyrmak işlerine möhüm ähmiýet berýär. Mekdep okuwçylarynyň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ders olimpiadalary, bäsleşikler, maslahatlar, sergiler, festiwallar, gözden geçirişler we beýleki çäreler geçirilýär, zehinli ýaşlara okatmagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we hünär tälimini almagyň döwlet we halkara maksatnamalarynyň bäsleşik esasynda bolmagy elýeterliligi üpjün edýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň hünär saýlamakda, kärini özleşdirmekde we işe ýerleşmekde, olaryň bilime, ylma bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek üçin döwlet tarapyndan goldanylýar.

Ýurdumyzda häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri gurlup yzygiderli ulanylmaga berilýär, täze hünärler girizilýär, ýaşlara daşary ýurtlaryň iri okuw mekdeplerinde bilim almaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly kompýuter we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen täze döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, şeýle hem saglygy goraýyş we dynç alyş merkezleriniň sany günsaýyn artýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň orta mekdeplerinde 12 ýyllyk okuwa geçildi, okuw-terbiýeçilik edaralary Internet ulgamyna birikdirildi. Türkmenistanda ýaşlara bilim derejesini artdyrmaga mümkinçilik berýän elektron kitaphanalar döredilýär.

Başlangyç, orta hünär okuw edaralarynyň hem-de orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna üýtgetmeleriň girizilmegi we hünärmenleriň iki basgançakly düzüm boýunça taýýarlanylmagy bilen baglylykda, bilim baradaky resminamalaryň täze döwlet nusgalary işlenip taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň umumy orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň; başlangyç hünär bilim hakyndaky diplomyň; başlangyç hünär bilimi hakyndaky tapawutlanan diplomyň; orta hünär bilimi hakyndaky diplomyň; orta hünär bilimi hakyndaky tapawutlanan diplomyň; bakalawryň diplomynyň; bakalawryň tapawutlanan diplomynyň; magistriň diplomynyň; magistriň tapawutlanan diplomynyň; ýokary hünär bilimi hakyndaky hünärmeniň diplomynyň; ýokary hünär bilimi hakyndaky hünärmeniň tapawutlanan diplomynyň; hünär taýdan gaýtadan taýýarlanandygy hakyndaky diplomynyň; hünär taýdan gaýtadan taýýarlanandygy hakyndaky tapawutlanan diplomynyň; hünär derejesini ýokarlandyrandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgalaryny tassyklady.

Häzirki döwürde täze iş orunlaryny döredýän ýöriteleşdirilen pudagara önümçilikleriň we innowasiýa kärhanalaryň ulgamy döredilýär. Bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen, telekeçiligiň kiçi we orta görnüşleri üçin giň mümkinçilikler döreýär. Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän täze senagat pudaklary döredilýär we pugtalandyrylýar, döwlet we dünýä ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmeginde täze gurlup, ulanmaga berlen desgalarda ýola goýlan önümçiligiň hem paýy bardyr. Täze desgalarda zähmet çekýänleriň aglabasynyň ýaşlardygy guwandyryjydyr. Bu bolsa iň kämil tehnologiýalara erk etmäge ukyply, başarjaň, ýokary bilimli ýaş hünärmenleriň kemala gelýändikleriniň nyşanydyr.

Täze ýylyň öň ýanynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň ençemesiniň we aýdym-saz döredijilik toparynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri diýlip yglan edilmegi jemgyýetçilik durmuşynda buýsançly wakalaryň biri boldy. Dürli ulgamlarda öz zehini, zähmeti bilen tapawutlanan ýaşlara degişli şahadatnamalar hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu dabara ýaş nesliň geljege örän jogapkärli bolup ýetişýändiginiň özboluşly şöhlelenmesine öwrüldi. Munuň hakykatdan hem şeýle bolmagynda sabyrly halkymyzy we ynamly ýaşlarymyzy ählitaraplaýyn üns-alada bilen gurşaýan berkarar döwletimiz, täze başlangyçlara ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyz bar.

Aknur ATAÝEWA, «Nesil».

“Nesil” gazeti,

03.01.2019ý.

Meňzeş habarlar