30-njy martda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda ýaş nesillerimizde taryhy we medeni mirasymyza türkmen binagärlik sungatyna bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek, döredijilige höwesli talyp ýaşlaryň bu ugurda ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gurnamagynda bu ýokary okuw mekdebiniň Sergiler jaýynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli «Aşgabat gözelligiň şäheri» atly ýaş binagärleriň we dizaýnerleriň döredijilik işleriniň sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu sergide zehinli ýaş talyp binagärleriň we dizaýnerleriň täze döwrebap binalaryň teatrlaryň, mekdepleriň, muzeýleriň we sergi zallarynyň, köp we az gatly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary sergä tomaşa etmäge gelenlerde uly täsir galdyrdy. Ýaş talyplaryň gadymy ýadygärliklerimizi gorap saklamak we olary geljekki nesillere ýetirmek babatynda özleriniň binagärlik ýadygärliklerini rejelemek hünärinde bilim alýan ýaş binagärleriň taslamalary we teklipleri ýokary baha mynasyp boldy. Bu serginiň baş maksady ýurdumyzyň ýaş binagärlerini ýüze çykarmak, täze döredilýän taslamalarda ýerli binagärlik usullaryny, şeýle hem milli äheňleri ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Mundan başgada sergide görkezilen ýaş talyplaryň döredijilik eserlerinde esasan jemgyýetçilik jaýlary, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepleriň şeýle-de seýilgähleriň dürli görnüşlerini hem-de jaýlaryň içki we daşky bezeglerinde dizaýnerleriň täze taslamalary uly gyzyklanma döretdi.
Paýtagtymyzda täze gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp binalar, medeni köşkler, baharyň gelmegi bilen salkyn saýaly baglara, älemgoşar reňkli güllere bürenýän seýilgähler, köp sanly suw çüwdürimleri bularyň ählisi bitewülikde sungat derejesine ýetirilen binagärligiň gözelligiň özboluşly nusgasyny kemala getirýändiginden ugur alyp sergide binagärlik kafedrasynyň ýaş zehinli talyplary Aýhan Kulyýewiň “Az gatly ýaşaýyş jaýy”, Oguljemal Serdarowanyň “Orta gatly ýaşaýyş jaýy”, Oguljahan Öwülýagulyýewanyň “600 orunlyk ýöriteleşdirilen orta mekdep”, Şirin Mämmedowanyň “Sergi zaly”, Ahmet Orazmämmedowyň “ Kiçi gyz gala”, Enejan Allanazarowanyň “Daýahatyn kerwensaraýy XII – asyr” atly binagärlik taslamalarynda binalaryň ýerleşişi, taryhy ýadygärlikleriniň täzeden dikeldiş işlerine niýetlän taslamalaryny aýratyn belläsim gelýär. Mundan başga-da dizaýn hünärinde bilim alýan talyplaryň ýerine ýetirmeginde Medine Gaýypowanyň “Gözel şäherim Aşgabat” triptih, Sülgün Rahmanowanyň “Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda”, Jennet Orazmämmedowanyň “Zamanyň sungaty sen Aşgabat”, Aýgözel Ataýewanyň “Merjen şäherim Aşgabat” ýaly talyplaryň täzeçe dünýä ülňülerine laýyk gelýän daşky bezegleriniň amatlylygy, ýönekeýligi bilen tapawutlandyrylyp sungatymyzyň utgaşmagynda ýurdumyzda guruljak binalaryň taslamalaryny teklip etmekleri bizi has-da begendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, paýtagtymyzyň daşky keşbi onuň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyň, halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmündäki derejesini şöhlelendirýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän we milli binagärlik sungaty bilen dizaýn bezeg sungatynyň utgaşmagynda merjen şäherimizde gurulýan binalaryň daşky we içki keşbinde-de, içki diwarlarynyň bezeglerinde-de, hatda sazlaşykly suw çüwdürimleriniň sazlaşykly gurluşygynda-da milli äheňler görünýär. Munuň özi ýaş binagärlerimiziň hem-de dizaýnerlerimiziň uly üstünligidir.
Watanymyzyň rowaçlyklaryndan ruhlanýan bagtly çeperçilik akademiýasynda bilim alýan ýaş binagärlerimiz we dizaýnerlerimiz döwlet derejesindäki sergilerine işjeň gatnaşmagy, geljekde özleriniň saýlap alan hünärleriniň eýesi bolup, Garaşsyz Türkmenistanyň milli binagärlik sungatynyň ösüşinde özleriniň mynasyp goşandyny goşmaklaryny arzuw edýäris.
Milli binagärlik we dizaýn sungatynyň ösmegi üçin ýaş talyp ýaşlara uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklary beslensin.
Döwrangeldi MOÝTYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.