Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Geňeşiniň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň we ony ýerine ýetirmekligiň 2021-2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň» kabul edilmegi mynasybetli geçen bu maslahat «Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksatnamasy we ony ýerine ýetirmekligiň 2021-2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy hereketde» atly şygar astynda geçdi. Onda çykyşlaryň birnäçesi diňlenilip, olarda hormatly Prezidentimizi, ähli halkymyzy barha ýakynlap gelýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli we «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň we ony ýerine ýetirmekligiň 2021-2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň» kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem asyl käri lukman bolan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda saglyk ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, dünýä nusgalyk işler, şeýle hem saglyk ulgamynyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli berkitmek barada öňde durýan wezipeler hem-de jemgyýetiň arasynda, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Çykyşlaryň her birinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar edip, halkymyza bagtyýar durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlar aýdyldy.
Dabaranyň dowamynda M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Melhem» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdylan aýdym-sazlar maslahata gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.