Türkmeniň milli el işleriniň naýbaşylarynyň biri-de keşdedir. Keşdeler diňe bir öňki döwürleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny saklamak bilen çäklenmän, eýsem ene-mamalarymyzyň we işine ökde hünärmenleriň döredijilik başarnyklary barada hem maglumat berýär.
Ýüň, ýüpek, altyn, kümüş, dür, hünji, merjen, reňkli daşlar we teňňeler bilen bezelen keşdeleriň dürli görnüşli nagyşlaryny saklaýan keşdeçilik sungaty gadym döwürlerden bäri biziň günlerimize ýetip, halk arasynda uly söýgä we islege mynasyp bolan bu sungat gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar.
Keşdeleriň ähli görnüşleri diýen ýaly iňňe bilen ýerine ýetirilýär. Senetçiligiň bu nepis görnüşini ýerine ýetirende ussat keşdeçiler tebigatyň ajaýyplyklaryny, özleriniň duýgylaryny siňdirmekleri bilen, olarda her bir halkyň ussatlygy, milli özboluşlylygy we dünýägaraýyş aýratynlyklary şöhlelendirilipdir.
Hytaýda ýüpek matanyň öndürilip başlanylmagy bilen, ýüpek matadan tikilen geýimleriň üstüne kümüş we altyn çaýylan sapaklardan nepislik bilen dürli nagyşlar keşdelenipdir. Ilki halylary we bezeg pannolary, soň-soňlar geýimleri ösümlikleriň we guşlaryň şekilleri salnan keşdeler bilen bezelipdir. Soňlugy bilen hytaý keşdeçilik senedi ýaponlaryň medeniýetine hem ornaşypdyr.
Gadymy Hindi we Eýran halklarynyň keşdeçilik senedindäki nagyşlar ösümlikleriň, haýwanlaryň we dürli sahna žanrlarynyň sýužetleri bilen baýlaşdyrylandyr. Gadymy Hindistanda zygyr ösdürilip ýetişdirilmegi bilen ondan mata dokap başlapdyrlar. Zygyrdan dokalan matalara keşdeleri gaýamak amatly bolupdyr.
Gadymy Müsürde bolsa adamlaryň geýimlerindäki keşde nagyşlary jemgyýetdäki ornuny aňladypdyr. Şol döwürlerde keşdelerdäki nagyşlar gara güýçlerden goranmaklygyň nyşany bolupdyr. Faraonlar we patyşalyk derejesindäki adamlar has owadan keşdeler tikilen geýimleri geýipdirler.
Ýewropanyň keşdeçilik senedinde altyndan we ýüpekden tikilen gaýmalary bilen Wizantiýa tapawutlanypdyr. Ýewropada XII asyrda milli geýimleri keşde bilen bezemeklik däpleri girişip başlapdyr. XVI – XVII asyrlarda Ýewropa halklarynda tebigatda adamlar we haýwanlar şekillendirilen ajaýyp köşkler, awçylyk sahnalary, gadymy rowaýatlaryň sýužetleri şekillendirilen portretleri keşdelemek ürç bolupdyr.
Slowýan halklarynyň geýimlerindäki keşdeler dini ynançlaryny aňladýar. Rus we ukrain keşdeçilik senedini milli geýimlerinde, at esbaplarynda, ýaşaýyş we hojalyk esbaplarynda görmek bolýar. Olaryň keşde nagyşlary geýimleriň gyralaryny çäklendirýän zolaklar görnüşinde ýerleşip, ösümlikleriň, geometriki elementleriň, hyýaly guşlaryň we haýwanlaryň şekillerini saklaýan nagyşlar gyzyl sapakda gaýmalanmagy bilen tapawutlanýar.
Orta Aziýa halklarynyň keşdeçilik sungaty beýleki halklaryňka garanda keşdeleriň nagyşlarynyň dürli-dürli ýiti reňkli sapaklaryň ulanylmagy bilen has tapawutlydyr. Erkekleriň we zenanlaryň geýimlerinde hem-de baş geýimlerinde salynýan nagyşlar özboluşlylygy, aýratynam gelinleriň milli eşikleri, kürteleri has owadanlygy bilen tapawutlanýar.
Dünýä halkarynyň keşdeleriniň birnäçe görnüşleri bolup, olar:
Ýüzi tekiz üstli keşde – çekimlerini hasaplamak we deňölçegliliginiň takyklygyny gözegçilik etmek hökman däldir, ýagny bu usulda düzedişleri girizmeklik aňsatdyr. Bu keşdeler Hytaýda has giň ýaýrapdyr.
Lentaly keşde – ýüpek, setin we atlas lentalar bilen tikilýän göwrümli nagyşlardyr. Bu keşdäniň çylşyrymly tarapy reňkleriň öwüşgünini dogry saýlap bilmekdir.
Merejka – ilki matadan sapaklary soguryp çykaryp, soňra dürli şekiller emele getirilip pokgerdilýär we torly nepis nagyşlar emele getirilýär.
Rişelýe – tutylarda we saçaklarda tikilýän keşdelerdir. Köplenç bu keşde ak matada tikilýändigi sebäpli oňa ak keşde hem diýilýär. Has dykyz matada ilki nagyş tikilip, soňra mata kesilip aýrylýar.
Rokoko – başgaça muňa brazil keşdesi hem diýilýär.
Hünjüli, monjukly keşde – çyzgyt esasynda tikilýär.
Saşiko – ýapon bezeg keşdesidir.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýäni haýrana goýýan türkmen milli keşdeçilik sungaty bolsa aýratyn hormata eýedir. Türkmen zenanynyň çeper eliniň önümi bolan keşdeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýratyn sarpalanyp sungat derejesine ýetirildi.
Ogulbibi ANNAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy.