Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen täze dikuçaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy

8-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly “ANSAT” kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy.

Bu waka ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz ynsan saglygyny ýurduň baş baýlygy hökmünde yglan edip, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ony öz wagtynda bejermek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň buýurmasy boýunça Kazan dikuçar zawody (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) tarapyndan öndürilen täze tiz kömek dikuçaryny gözden geçirmek üçin döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasyna geldi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow hormatly Prezidentimize dikuçaryň esasy tehniki häsiýetnamalary barada hasabat berip, onuň şäher şertlerinde gaýragoýulmasyz tiz kömek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, ýöriteleşdirilen hassahanalara gysga wagtyň içinde näsaglary eltmek üçin niýetlenendigini belledi. Bu dikuçar reanimasiýany, ýokary derejeli bejerişi özünde jemlemek bilen, şikes alan raýatlara gönüden-göni ýerinde ilkinji gyssagly lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik berýän iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Döwlet Baştutanymyz dikuçaryň içindäki ýöriteleşdirilen keseli anyklamaga hem-de näsagyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge niýetlenen enjamlaryň işi bilen tanyşdy.

Dikuçaryň iň ýokary tizligi sagatda 275 kilometre, iň ýokary uçuş uzaklygy 510 kilometre barabardyr. Onuň ýere gonýan böleginiň goşmaça enjam bilen üpjün edilmegi bolsa dikuçara dag eteklerine, gum we çöllük hem-de barmasy kyn ýerlere gonmaga mümkinçilik döredýär. Bularyň ählisi bu dikuçaryň ýurdumyzda häzire çenli bar bolan şunuň ýaly dikuçarlardan tapawutly aýratynlygydyr.

Ýokary tizlikli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilip, ähli zerur amatlyklar döredilen bu dikuçar şäherde gysga wagtyň içinde ýakyn aralyga bir näsagy alyp barmak üçin niýetlenendir.

Dikuçaryň lukmançylyk bölüminde dürli görnüşli zemmerler, ykjam elektrokardiograf we monitorly defibrilýator enjamy, ergin guýmak üçin infuziomatlar, emeli dem beriş enjamy, awtomatik sorujy enjamlar bar.

Şeýle hem dikuçar derman serişdelerini sowadyjy we ýyladyjy bokslar, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen dürli gutular, glýukometr, pulsoksimetr, termometr, köpugurly seýikler, dürli görnüşdäki gurallar, ýanyk şikesli näsaglar üçin niýetlenen dürli görnüşli enjamlar we beýleki sarp ediji serişdeler bilen üpjün edilendir.

Dikuçar bilen tanyşdyrmagynyň ahyrynda ministr ilatymyzy gaýragoýulmasyz lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça döredýän şertleri we mümkinçilikleri üçin ähli saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdy hem-de milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz dikuçar bilen tanyşlygyny tamamlap, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň bu ulgamy ösdürmek babatdaky strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.