Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

8-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň salamynydyr Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny hem-de parahatçylyk, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki halkyň öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berk binýadynyň esasynda guralýan köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Öz nobatynda, diplomat Eýran tarapynyň möhüm halkara taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebit we dünýä möçberinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesinde, geljegi uly türkmen bazarynyň ýylsaýyn tutuş dünýäden maýadarlaryň we meşhur kompaniýalaryň köp sanlysynyň ünsüni özüne çekýändigini belläp, öz ýurdunyň işewür toparlarynyň hem öňden gelýän gatnaşyklary giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleri bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak häsiýetiniň goňşy ýurtlara diňe bir gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmäge däl, eýsem, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we usullaryny gözlemäge mümkinçilik berýändigi barada umumy pikir beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň we Eýranyň möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça özara gatnaşyklary barada hem durlup geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri iki ýurduň däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar.