Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy

7-nji aprelda Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we beýleki çäreler ýokary derejede geçirildi.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen bedenterbiýe-sagaldyş çäresi hem Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda geçen bu çäre uly ruhubelentlige beslendi.

Mälim bolşy ýaly, sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetçilik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde, ony ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary işjeňlik görkezýän Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri we işjeň agzalary hem bu şanly senä guramaçylykly gatnaşdylar. Olar bu gün sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdiler.

Uly ruhubelentlige beslenen bu çärä gatnaşan ýaşlaryň her biriniň ýüzlerinde bagtyýarlyga beslenen zamanamyza, eşretli durmuşy bagyş eden hormatly Prezidentimize çäksiz buýsanç alamatlary, dillerinde hoşallyk sözleri bar.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.