7-nji aprelda Türkmenistanda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çäresine bagyşlanyp, köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ir bilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýaşlar ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenýän ajaýyp halkara baýramy-Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ajaýyp baýram dostlugyň, parahatçylygyň hem-de sportuň belent däplerini dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, bu baýram jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da berkidýän möhüm waka hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem, biz dünýä bileleşigi bilen birlikde eziz Diýarymyzda bu halkara baýramyny ýokary ruhubelentlik bilen belleýäris.
Milli Liderimiz Bütindünýä saglyk gününiň şanyna bagyşlanyp geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň Garaşsyz döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny dünýä giňden ýaýýandygyny belledi. Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, halkymyzyň ruhy galkynyşy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr.
Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz dünýäde olimpiýa hereketini ösdürmäge hem mynasyp goşant goşýar. Şu ýyl paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyry guralar.
Şu günler bu iri ýaryşlara gowy taýýarlyk görmek, hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça halkara sport guramalary bilen bilelikde toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport çäresine gatnaşyjylaryň ählisini Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýaryşa gatnaşyjylaryň köpçülikleýin welosiped ýörişine badalga berdi. Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ýörişe gatnaşyjylar Saglyk ýolundan uzap gidýän Arçabil hem-de Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy.
Mähriban Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen oňyn özgertmeleri, sporty, Aziýanyň merjen şäheri ak mermerli Aşgabadyň gözelligini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar bu çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy we oňa gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde şu günki köpçülikleýin ýörişiň tamamlanýan ýeri bolan Döwlet münberi ýerleşýän ýurdumyzyň Baş meýdançasyna geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport çäresine gatnaşýanlar bilen hoşlaşyp, olara üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.