Agajy işläp bejermek sungaty. Senetçiligiň asyrlar içre arzylanyp gelnen kämil görnüşleriniň biri neçjarçylykdyr. Halkymyzyň ruhy dünýäsinde neçjarçylyk sungatyna ähmiýetli orun degişlidir. Aslynda, türkmenler agaç ekmegi, olary ýetişdirmegi sogap iş hasaplaýarlar. Munuň şeýledigini «Agaç jennetden çykypmyş», «Agaçly obany sil almaz», «Agaç ýapragy bilen görkli», «Agaçsyz obada tozan görner» ýaly halk aýtgylarynyň, nakyllaryň mazmuny hem doly tassyklaýar. Türkmen halkynyň agaçdan ýasalýan owadan önümleri hem milli sungatymyzyň gadymdan gelýän bir görnüşidir. Olaryň üýtgeşik, özüne mahsus aýratyn bir gözelligi bolýar. Agaçlary ýetişdirmek, olardan dürli çig mallary, önümleri taýýarlamak owal-başdan binagärlik medeniýeti bilen berk baglydyr.
Arheologik maglumatlara görä, mundan 7-8 müň ýyl ozal gurlan jaýlaryň üsti agaç pürsler bilen basyrylypdyr. Gümmezler, köşkleriň öňünde gurlan eýwanlaryň sütünleri agaçdan ýasalypdyr. Suw desgalary we bu ugurda giňden ýaýran dürli görnüşli zähmet gurallary, öý-hojalykda ulanylýan enjamlar – jykyr, nowa, ýag taýýarlamak üçin ulanylýan juwaz, ulag serişdeleri bolup hyzmat eden araba, gaýyk, naw, kejebe, sandyk, hasa, aştagta, oklaw, jam-kersen, çemçe, susak, dürtgüç, bedew atlaryň eýeri, howut, gaňňa, dürli iş gurallarynyň sapy, ýaraglaryň gundagy we ş.m gündelik durmuşda peýdalanylan esbaplar agaçdan ýasalypdyr. Halkymyzyň milli guwanjy bolan ak öýleri neçjarçylyk sungatynyň gazanan beýik üstünlikleriniň biridir. Munuň özi türkmen senetçisiniň ajaýyp açyşydyr.
Türkmen neçjarynyň döreden dutardyr gyjak we beýleki milli saz gurallary halkymyzyň köňül joşgunyny muwapyk heňde ýüze çykarmagy başaran täsin sungat eserleridir.
Söýgüli saz guralymyz bolan şirin owazly dutarymyz hem tut agajyndan ýasalyp, ony taýýarlamakda tut agajy näçe köp ýaşan bolsa şonça gowy bolýar diýilýär. Gözelligi duýýan, ondan lezzet alýan dutarçy ussanyň elinde tut agajynyň ýyllyk aýlawlary dutaryň kädisiniň ýüzünde ajaýyp nagşa bezege öwrülýär. Dutaryň sapy owadan oturtma gaşlar bilen bezelýär.
Gadymy rowaýatlara görä, türkmenlerde aýdym-saz sungatynyň döreýşi Aşyk Aýdyň we Baba Gammar ýaly şahsyýetler bilen baglanyşyklydyr. Bagşylaryň we sazandalaryň keramatly ruhy piri hökmünde olara şu günlerem hormat goýýarlar. Rowaýata görä, halyf Alynyň atbakary bolan Baba Gammar şeýtanyň maslahaty bilen dutaryň sapynyň kirişleriniň gulakdan gaýdýan ýerini bogup, oňa «eşek» goýupdyr. Saz guraly misli jenneti owazlary çykaryp, saýrap ugrapdyr. Şondan bäri, dutaryň gulaklarynyň aşak ýanynda goýulýan gerişjagaza «şeýtan eşegi» diýlip atlandyrylypdyr. Iki kirişli dutar rowaýatçylaryň, ozanlaryň, bagşylaryň hemmesiniň hemişelik hemrasy bolupdyr. Türkmen bagşy-sazandalary ony hemişe egninden asyp gezipdirler, oňa janly zat, dost hökmünde garapdyrlar we iň bir ähmiýetli hem pynhan syrlaryny ynanypdyrlar. Bu saz guralynyň gurluşy üç bölekden ybarat: kädi, gapak, sap, ýagny desse. Onuň kädisi esasan tut agajyndan ýasalýar.
Berk agaçdan ýasalan dürli ululykdaky sandyklar, ýüzi oýulyp nagyşlanan gapylar halk arasynda giňden ulanylypdyr. Şeýle gapylar seýrek ýasalsa-da, sandyklar häli-häzir hem ulanylýar. Ata-babalarymyz ýumşak agaçlardan açyk, ýagty reňklere boýalan ýa-da owadan nagyşly çaga sallançaklaryny, şeýle-de ak öýüň uklaryny, tärimlerini, tüýnügi hem ýasapdyrlar. Gadymda söwüt agajyndan dürli ululykdaky okaralar, tabaklar, kersenler, çemçeler ýasalypdyr. Olaryň oýulyp ýasalan haşamlary reňklenilmän, agajyň öz reňkinde bolup, ýagtylykdyr kölegäniň öwüşginleriniň hasabyna önüme owadan görk beripdir. Agaçdan ýasalan önümler iki usulda, ýagny onuň ýüzüni oýup (köwüp) haşamlamak hem-de reňkli nagyşlar çekmek bilen bezelýär. Önümiň ýüzüni oýup haşamlamak iň gadymy usuldyr.
Sokudaş barada. Irki döwürlerde bugdaýy degirmende üwemäge başlamazdan öňürti ony ýene-de bir gezek arassalapdyrlar. Bugdaýy arassalamak üçin sokulardan hem soky daşlardan peýdalanypdyrlar. Sokular ýasalanda igde, tut, jigirdek ýaly berk agaçlardan peýdalanypdyrlar. Soky ýasalanda içini oýup, ýagny, onuň içine dänäni guýup köwzemäge oňaýly bolar ýaly edip ýasapdyrlar. Soky sözi hem urgy urmak sözünden gelip çykypdyr. Sokulara bugdaýy guýup, üstünden tä bugdaýyň harpygy aýrylýança urmak üçin gural gerek bolupdyr. Ilki ilkiler daşlardan peýdalanjak bolup görüpdirler. Emma, daşlar owranyp bugdaýyň has-da hapalanmagyna getiripdir. Hemme zatdan baş alyp çykan pederlerimiz munuň hem çäresini tapypdyrlar. Sokularda daş ýaly gaty hem owranmaýan guraly ýasamak üçin uly howuzlaryň aşagyna tut agaçlaryny gömüp goýup, ony 10-15 ýyl howzuň aşagynda saklap, şondan sokular üçin daş ýasapdyrlar we oňa «sokudaş» diýipdirler. Sokynyň daşyna sokudaş diýilmeginiň esasy sebäbi hem howzuň aşagyna gömlüp goýlan tutlaryň berkleşip daşdan-da gaty görnüşe geçmegi, ýagny, ýalpyldawuk gaty jisime öwrülmegi bilen baglanyşykly gelip çykypdyr. Soky sözi «sok», «dow» işliginden ýasalan atdyr. Agaç sokynyň beýikligi 70-80 sm-den bir metre çenli bolup, diametri 30-40 sm-e barabardyr. Daş sokyňky ýaly bolup, onuň beýikligi agaç sokynyňkydan iki esse diýen ýaly pes bolýar. Soky beýik bolsa dik durulyp, pes bolsa oturylyp ulanylýar. Ulanylyşyna görä hem şalynyň gabygyny arassalamak üçin ulanylýan soky «dikdurma soky», «el soky», «depme soky» ýaly görnüşlere bölünýär.
Depme soky – agaçdan ýasalan, ýönekeý gurluşly sokynyň bir görnüşi. Oňa ýurdumyzyň käbir ýerlerinde diňkaw hem diýilýär. Bu sokynyň işleýşi şeýle: uzyn saply tokmagyň sapynyň aşagyna ýassyk goýulýar. Tokmagyň sapynyň ujy basylanda tokmak ýokary galýar, aýagyny aýranyňda tokmak sokynyň içindäki şalynyň üstünden batly urýar. Şunuň ýaly hereket birnäçe gezek gaýtalanmak netijesinde hem şaly döwülýär.
El soky – agaç ýa-da daşdan ýasalan içi oýuk süýri gural. El sokyda şaly döwmek üçin agaç ýa-da süýnmek daş ulanylýar. Oňa sokydaş diýilýär. Daş sokudaşynyň uzynlygy 40-45 sm, agaçdan edilýän sokudaşynyň uzynlygy 80-90 sm çemesinde bolýar.
Agaç soky – onuň ortasy iki el bilen gysymlap tutar ýaly kertik we inçe bolýar. Sokudaş iki el bilen ýokary göterilip, ol şalynyň üstünden urulýar.
Pişek. Pişek – bu sygyr süýdünden edilen gatygyň ýagyny almak üçin ony küpüde (ýanlykda) ýaýmakda ulanylýan agaç gurala aýdylýar. Pişegiň dessesi gysymyňy doldurybrak duran ýogynlykdaky agaçdan bolup, onuň ujuna atanak şekilinde goşýumruk ýalyrak ululykda atanak şekilli agaç berkidilýär. Şol atanak şekilli agajam pişegiň esasy aýratynlygy bolup, el bilen ýaýylýar. Ýagny, küpiniň içindäki gatyga ep-esli wagtlap dynuwsyz urulýar. Şonuň netijesinde gatyk ça:la – aýrana öwrülýär we ýagy onuň ýüzüne ýygnanyp, toplanyp başlaýar. Ýugrumy ýeten çöreginiň bolşy ýaly, pişegi gowy hem dynuwsyz urlan gatygyň ýagy doly we gowy alynýar. Irki döwürlerde ata-babalarymyz bilen bilelikde ene-mamalarymyz hem özlerine degişli öý-hojalyk işlerine ir säherden başlapdyrlar. Gatygy pişek bilen ýaýyp, onuň ýagyny isrip etmän, ça:la – aýrana goýbermän tygşytly almak işi hem irden ýerine ýetiripdirler. Sebäbi her gün iki ýa-da üç wagtyna saglyp duran malyň süýdüni bişirip, basyryp gatyk etmäge şol agyzgaplar ýene gerek bolupdyr. Pişek urmakda, ýagyny küpini ýaýmakda ýaltalyk edilmändir. Gaýta ir turup 5-6 pişegi artyk urmak gatygyň ýagyny zaýasyz almaga hem-de işiňden ir dynmaga kömek edipdir.
Araba ýasamak senedi. Araba ata, eşege goşulyp, ýük daşalýan iki tigirli ýönekeý oba hojalyk ulagydyr. Araba esasan agaçdan ýasalýar, onuň esasy bölekleri iki tigirden, iki aryş geçýän okdan ybaratdyr. Arabanyň bölekleriniň 30-a golaý ady bar. At arabanyň tigriniň diametri 140-150 sm. çemesinde bolýar. Onuň tigriniň agaç aýlaw gurşawy 9 äkden ybarat bolup, her äge 2 keýe berkidilýär, jemi 18 keýe bolýar. Arabadaky äk – munuň özi, tigriň tegelek agaç bölegini emele getirýär, ol sähelçe egrelip duran bölek-bölek agaçlardan ybaratdyr. Äkler biri-birine geýdirilip, agaç çüýler pelim arkaly berkidilýär. Arabadaky keýe-munuň özi tigriň küpjegi (topy) bilen daşky tegelegine birleşdirilýän agaçlar, tigriň agaç çişleri, keýäniň bir ujy tigriň daşky aýlawyny emele getirýän äklerine geýdirilýär.
Hamut – araba goşulýan atlaryň, mallaryň boýnuna geýdirilýän enjam. Hamut iki bölek ýarym aýlaw agaçdan ybarat bolup, onuň malyň boýnuna geýýän tarapynyň öňünden düýrlenen ýa-da gatlanan ýumşak zat goýulýar. Paýtuna goşulýan atlaryň hamudynyň boýy 1 metr çemesi uzyn bolup, ýokarky mataly aýlaw ýüzi haşamlanyp ýasalýar. Onuň iki agajynyň aşagy hamut bagy bilen daňylýar, ol iki ýan tarapyndaky demir halka arkaly arabanyň ardyna berkidilýär.
Dokmaçylyk senediniň tara guraly. Tara gurluşy boýunça çylşyrymly bolmadyk agaç guraly bolup, onda ini 40 sm bolan insiz matalar dokalýar. Geçmişde taranyň ýönekeý dokmaçylyk guraly bolmagyna garamazdan, onda alaça, maldaýy, sowsany, çepbetöw, gyrmyzy donluk, garma donluk, çaga kürtekçeligi, çyrpy, kürtelik, gyňaçlyk we gyzyl, ýaşyl, gije-gündiz keteniniň dürli görnüşleri dokalypdyr. Şol matalary dokamak üçin guralyň birnäçe bölekleri gerek. Dessik, güle, darak üzeňňi, mäki, nöwert, çarh, perk, lek-leki we kelep agajy. Bu gural onlarça bölejiklerden ybarat bolup, olaryň hersi taraçy ene-mamalarymyz tarapyndan öz hyzmatyna laýyk atlandyrylypdyr. «Ilki ýüpek, soň ýüň behiştden çykan zatdyr» diýip, gadym döwürlerden bäri gelin-gyzlarymyz ýüpege, ondan dokalan matadyr egin-eşiklere aýratyn hormat goýup, olary aýap saklapdyrlar, toýlarda geýipdirler.
Kersen ýasamak. Ata babalarymyz ak söwütden oýup birnäçe öý hojalykda, gündeki durmuşda ene-mamalarymyzyň ulanýan öý-hojalyk esbaplaryny, ýagny agaçlardan ulanypdyrlar hem-de ussatlyk bilen ýasapdyrlar. Okara, kersen, susak we ş.m okaralar, kersenler bular söwüt agajyndan bejerilipdir. Söwüt oýmak üçin ýumşak agaç bolupdyr. Kersenak söwütden oýup ýasapdyrlar. Görnüşi boýunça kersen uly bolup, ony türkmen zenanlarymyz hamyr etmek üçin ulanypdyrlar.
Okara we susak. Okara ak söwütden bejerilipdir. Söwüt oýmak üçin ýumşak agaç bolupdyr. Şonuň üçin oňa agaç okara diýipdirler. Onda naharlar salnyp iýlipdir. Okaralar ululy, kiçili bolupdyr. Okaranyň içi gurandan soň zat salypdyrlar. Çemçe-bular hem ak söwütden bejerilipdir. Onda agaç okaralara salnan aşlar iýilipdir. Susak– bular hem ak söwütden bejerilipdir. Çemçelere garanda uly görnüşde ýasalyp, toý-märekelerde nahar salmak üçin ulanypdyrlar.
Nowa arkaly suw akdyrmak. Nowa suwy belent ýerlere çykarmak üçin, adam güýji bilen işledilýän desgadyr. Nowa 3,5-4 m uzynlykda, ortasy ýaý beren ýogyn derek, tal agajynyň uzynlygyna içi köwülip ýasalýar. Onuň bir ujy bekli, beýleki tarapy suw akyp gider ýaly açyk bolýar. Ýapdan, salmadan sowlup alnan suw çukura toplanýar. Ol çukura «nowakäriz» diýilýär. Nowakäriziň iki tarapyndan haçja dikilip, üstüne hem uzyn syrdam agaç atylýar. Oňa «at agaç diýilýär». At agaç hem depme nowanyň aşagyndan göterip duran agajy göterýär. Nowadan suw çykarylanda nowanyň bekli tarapy suwa çümdürilip, suwdan doldurylandan soň, nowanyň suw akyp gidýän tarapyna berk basmak arkaly amala aşyrylýar. Nowa bir adam bilen hem, iki adam bilen hem depilip işledilýär.
Ak öý. Halkymyzyň köp asyrlyk taryhyna ser salanymyzda ata-babalarymyz özleriniň ýaşamaklary, dynç almaklary üçin öz döwrüne mahsus bolan amatly ýaşaýyş öýlerini gurupdyrlar. Çylşyrymly bolmadyk ak öýler esasy ýaşaýyş jaýlary bolup hyzmat edipdir. Ýeri üýtgedilýän ak öýler türkmen siwilizasiýasynda ýokary sepgitlere ýetilmegiň hataryna degişlidir. Onuň gurluşy Merkezi Aziýanyň çarwadar halklarynyň öýleri bilen birlikde, olaryň her biriniň içki we daşky bezelişiniň aýratynlygyny, özboluşlulygyny açyp görkezýär. Bu öý ähli çarwadar halklar üçin diňe bir ýaşaýyş jaýy däldir. Olaryň türkmen durmuşynda bahasy has-da ýokarydyr. Ak öýüň bölekleri gaýyň, söwüt, azzar ýaly berk agaçlardan ýasalýar. Işlenýän inçe agaçlar çyg bolmaly. Şonda olara islendik görnüşi bermek bolýar. Eger agaç gury bolsa, onda tä ýumşap, çeýe bolýança suwda saklamaly. Ak öýüň uklary, gözenek tärimi, tegelek tüýnügi üçin inçe agaçlary taýýarlanlarynda agaçlary ýonup, tä gerekli ölçege we görnüşe gelýänçä, olary egreldipdirler.
Alty ganat, sekiz ganat, on iki ganat ak öýleri üns bilen synlanyňda, onuň agaçdan ýasalan haýran galdyryjy ajaýyp dünýädigine düşünýärsiň. Şeýle täsin düzümden bina edilýän öýleri göçürmek, zerur bolan halatynda ýene-de bir ýerde gurmak amatlydyr.
Ak öý iki bölekden – aşaky we ýokarky böleklerden durýar. Onuň aşaky bölegi, esasan, agaç gözenekden – tärimlerden ybarat. Agaç tärimleriň daşyna gamyş aýlanýar, ýokarky bölegi uk we tüýnük arkaly birleşdirilip, onuň üsti keçe bilen örtülýär. Tärimleri birikdirmek-köklemek üçin düýe hamyndan taýýarlanylýan ýüpler ulanylýar. Işiksöýä birikdirýän goşa şatärimi, öýüň merkezi bölegini emele getirýän törtärimi, ýokarky bölegini örtýän tüýnügi we uklar gurluş aýratynlygynyň özboluşly gözelligi bilen tapawutlanýar.
Esasan dagdan, tut, söwüt ýaly ýeňil hem berk agaçlardan ýasalýan, ak öýüň süňňi hasaplanýan uklaryň bir ujunyň tüýnüge, beýleki ujunyň bolsa ýüňden edilen uk bag bilen tärime juda pugta berkidilmegi nesilbaşymyz Oguz hanyň nebereleriniň agzybirliginiň, jebisliginiň, berkliginiň özboluşly nyşanydyr. Ezber ussalaryň ak öýleriň esasy gurluşlary bolan tärimiň hem tüýnügiň berklik üçin dagdandan, tut agajyndan ýasalmagy türkmeniň mukaddes ojagynyň diňe bir mäkämligini, mizemezligini aňlatman, eýsem, olaryň ruhy dünýäde gyňyr güýçlerden gorag serişdesi hökmünde hyzmat edýändigini görkezýär.
Tärim – bir-biriniň üstüne atanaklaýyn goýulyp, gaýyş kemerjikler bilen birikdirilen, inçe agaçlardan edilen gözenekdir. Onuň boýy 1,4-1,5 metre ýetipdir.
Tüýnük – ony ýasamak üçin gaty berk we çeýe agaç gerek bolup, iki sany uzyn agajy ýarym tegelek görnüşinde egreldip, soňra olary birleşdiripdirler. Tüýnügiň içinde egreldilen agaçlary atanaklaýyn goýupdyrlar. Olaryň sany tüýnüge berkidilýän uklaryň sany bilen deň bolupdyr.
Uklar – aşaky uçlary egreldilen uzyn inçe agaçlardyr. Olar gara öýüň gümmez görnüşli ýokarky bölegini emele getiripdirler. Uklaryň aşaky uçlary tärimiň ýokarysyna «uk bagy» (ýüp) bilen berkidilipdir. Ýokarky uçlary tüýnügiň tegelek agaçlarynyň ýörite deşiklerine berkidilipdir.
Üzük – ak öýüň uklarynyň tutuş üstüne ýapylan materialdyr. Ol iki bölek keçeden ybarat bolup, «üzük bagy» arkaly uklara berkidilipdir.
Serpik – ýagyş ýaganda tüýnügiň üstüne ýapylýan keçeden edilen materialdyr.
Durluk – tärimiň daşyna aýlanan keçeden edilen örtgidir. Bu keçe örtükleri syk taýýarlanypdyr we çyg geçirmändir.
Ikitaý gamyş – ak öýüň sag we çep tarapyna durlugyň üstünden tutulan örülen gamyşdyr. Gamyşyň orta bilinden ini 30 santimetrlik elde dokalan «golaň» aýlapdyrlar.
Düzi – öýüň içinde uklaryň aşak uçlarynyň daşyna saralan ýasylygy 4 santimetr bolan ýüp.
Ak öýüň içiniň giňligi tärimiň ganatlarynyň (agaç gözenekleriniň) we uklarynyň sanyna hem-de ululygyna bagly bolupdyr. Ýönekeý ak öýüň 4 ganaty, 60-90 sany uklary bolupdyr. Ata-babalarymyz kä wagt 6-8 ganat öýleri ýasadypdyrlar. Ol öýleriň uklarynyň sany 130-a ýetipdir we içi giň bolupdyr.
Ak öýüň içiniň bezelişi we goşlary: Adaty ak öýde gündeki ulanylýan zatlaryň hersiniň öz ýeri bolupdyr. Ak öýüň düşegine gülli keçe, haly, palas düşäpdirler. Öýüň gapysynyň sag tarapyndaky azyk, gap-çanak, el degirmeni, bedre ýaly zatlar goýulýan ýerine «gap böwri», «aş böwri» (ýagny aýal maşgalalaryň ýeri) diýlipdir. Bu ýer maşgalanyň zenanlary we çagalary üçin niýetlenipdir. Erkek adamlaryň oturýan tarapynda (çep) tagta sekijigiň üstünde däneli argyş çuwaly, düýäň howudy, atyň eýeri, ýüp, don, aýakgap ýaly hojalykda ulanylýan zatlary goýupdyrlar. Gapynyň garşysynda owadan haly çuwalyny (gyzyl çuwal) asypdyrlar. Oňa egin-eşik salypdyrlar. Gap-gaç salynýan haly torbalary gözenekleriň ýokarsyndan asypdyrlar.
Bahar MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.