Demir ussaçylygynda halypanyň şägirdine ak pata bermek dessury

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty bilen bilelikde “Türkmeniň demirçilik senedini” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça deslapky resminamalar toplumyny taýýarlamak babatda degişli işleri alyp barýar.

Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi saýtyndaky “Türkmenistan-ÝUNESKO” atly sahypamyzda Türkmeniň demirçilik senediniň ösdürilişi barada ýurdumyzyň alymlary tarapyndan ýazylan işler bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda: “Adamzat aňynyň ösüşiniň gazanan iň ýokary we aýgytly ädimleriniň biri gündelik durmuşda demir metalyny özleşdirip, ondan ýasalan iş we zähmet gurallaryny, ýaraglary, enjamlary ulanyp başlamagydyr” diýlip adalatly bellenilýär.

Hakykatdan hem, adamzat taryhynyň dowamlylygynda metalyň ulanylyp başlanylmagy bilen ykdysady we medeni ösüşiň iň ýokary derejesine ýetilipdir. Hünärmentçilik we öý senetçiligi türkmen etnografiýasynyň az öwrenilen wajyp meseleleriniň biridir.

XIX asyryň aýagyndan – XXI asyryň başlaryna çenli Günorta Türkmenistanda demirçilik we misgärçilik senetleri we metallary işläp bejermek öňki däpleriň esasynda dowam edipdir. Bu döwür demirçilik senediniň ösmeginiň möhüm zamany bolup, ozalky geçenleriň iň gowy gazananlaryny özünde jemläpdir. Metal önümçiliginde demri işläp bejermeklik taryhyň irki döwürlerine uzap gidýär. Muňa ýurdumyzda geçirilen arheologiýa barlaglarynyň ýüze çykaran tapyndylary şaýatlyk edýärler.

Gadymdan dowam edip gelýän senetçilik hünärleriniň özboluşly aýratyn atlary bolupdyr. Meselem, agaç ussasyna “neçjar”, şaý-sep ýasaýan ussa “zergär”, küýzegäre “külal” ýaly atlaryň ulanylmagy senetçilikde dowam edip gelipdir. Metal işläp bejermekde ulanylan esasy çig mal demir bolanlygy sebäpli, bu hünäriň eýesine umumylykda “demir ussasy” ýa-da “demirçi ussa” diýlipdir. Ilat arasynda Hezreti Dawut pygamber demirçiligiň we demirçileriň piri hasaplanypdyr. Bu barada Magtymguly Pyragynyň “Ýerbe-ýer geçdi” diýen goşgysynda hem getirilýär. Beýik şahyryň:

Isa ogly Dawut älemi sürdi,

Hak oňa Zeburyň kelamyn berdi,

Hezreti Dawudyň huzur şägirdi,

Alty müň alty ýüz ahenger geçdi

– diýen goşgy setirlerinde ýatlanýan demir ussasynyň “Ahanger” ady hem çeşmelerde bardyr. “Ahanger” sözüni alymlar A.Meredow, S.Ahally hem öz işinde belleýär.

Demiri işläp bejermegiň amallarynyň we usullarynyň syrlary gizlin saklanypdyr. Bu maksat bilen ussahanalara has ukyply maşgala agzalary we garyndaşlyk gatnaşyklarynda durýan adamlar şägirt hökmünde alnypdyr. Günorta Türkmenistanda demirçilik senetçiligi nesilden-nesle geçip, ata-baba bu iş bilen meşgullanyp gelýän ussalar maşgalalary az bolmandyr.

XIX asyryň aýagyndan XXI asyryň başlaryna çenli türkmenlerde ussat senetçileriň kemala gelmeginde halypa-şägirtlik işi aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr. Demir ussalarynyň aýtmagyna görä, senetçiligi öwrenmek barada taraplar ozalyndan dilden ylalaşyga gelipdirler. Halypa ussa demirçilik senedini belli bir möhletde öwretmäge we terbiýelemäge alan şägirdinden hünär üçin töleg almandyr. Tersine, ol öz şägirdine ýaşar ýaly ýer, ýatak jaýyny berip, zerur bolan halatynda geýindiripdir we hatda aýdylany iki gaýtalatman işleýändigi we yhlasy üçin pul bilen hem sylaglap, ekläp-saklapdyr. Şägirt hem hünär öwrenýän döwri ussahananyň işinde halypasynyň ähli talaplaryny we ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge borçly bolupdyr. Şeýle-de halypasyna öý hojalygyndaky işlerde hem ýardam beripdir. Atasy ogluny ussa berip, adatça, “Eti siziňki, süňki biziňki” diýlen aýtga eýeripdir.

XIX asyryň aýaklarynda demirçilik senetçiliginde işine ezber ussatlaryň elinde şägirtleriň ikiden ona çenlisi tälim alypdyr. Halypanyň elinde iş öwrenmäge gelýänler 10-12 ýaşdan kiçi bolmandyrlar. Hünär öwrenmegiň möhleti kesgitli bolmandyr, adatça, ol ýakyn garyndaşlykda durýanlar üçin 3 ýyldan 5 ýyla, beýlekiler üçin 5 ýyl we ondan hem köpräge çekipdir.

Şägirtler halypanyň tejribesine we endiklerine laýyklykda hünärlerini kämilleşdiripdirler. Olar ilkibaşda enjamlar bilen köp iş salşypdyrlar, metallaryň düzümini öwrenipdirler we diňe şondan soň özbaşdak işlemäge geçipdirler. Okuwyň tamamlaýjy tapgyrynda halypa öz şägirdinden synag alypdyr. Ol şägirdine hiç hili kämil keşbi bolmadyk metal simden özbaşdak 4-6 ýa-da 8 gyranly önümi ähli zerur tehniki we tehnologiki usullary bilen ýasamagy tabşyrypdyr. Bu tabşyrygyň oňat ýerine ýetirilmegi ýaş ussa mundan beýläk özbaşdak işlemäge ýol açypdyr.

Ussanyň ýetişendigini däp bolup gelýän dessura laýyklykda belläp geçipdirler. Halypa oňa ak pata beripdir we bu ýagdaý kiçiräk dabara bilen bellenilip geçilipdir. Dabarany gurnamagyň harajatyny ýaş ussa çekipdir. Munuň üçin mal soýlupdyr we naz-nygmatlar taýýarlanylypdyr. Dabara sylanylýan ýaşulylar we beýleki obalardan senetçiler, garyndaşlar, obadaşlaryndan käbirleri, köplenç molla hem çagyrylyp, doga-dileg edilip, ýaş ussa ak pata berlipdir. Bütin gün şagalaň dowam edipdir, ýaş ussa degişme ýomaklaryny hem aýdypdyrlar, ony apalapdyrlar. Şu ýerde hem halypa demirçi ussa şägirdine dabaraly ýagdaýda käbir enjamlaryny we gurallaryny, ussaçylyk geýimini gowşurypdyr. Zerur bolan halatynda oňa demirçilik ussahanasynyň işini ýola goýmaga halypa ýardam edipdir. Dabaranyň jemleýji tapgyrynda däp boýunça uly sylag-hormat edilip, toýa gatnaşýan sylagly ýaşulylaryň biri şägirdiň adyndan halypa don ýapypdyr .

Mundan başga-da şeýle dabaraly dessurlar ozaly bilen demirçi senetçileriň duşuşmaklary we özara pikir alyşmaklary üçin amatly ýagdaý döredipdir. Şol duşuşyklarda olar öz işleri barada söhbet edipdirler, gazanan tejribelerini we üstünliklerini paýlaşypdyrlar.

Demirçilik senedinde ak pata almaklyk dessury (özbaşdak işlemäge ygtyýar almaklyk) ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamakda we terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Demirçilik işine isleg bildirýän ussa ak patasyz işe başlap bilmändir. Sebäbi patasyz işe başlamaklyk şol döwürde ykrar edilen umumy kadalara ters gelipdir.

Senetçilik işine halypadan ak pata alman başlamaga milt eden islendik adam ussalaryň arasynda ýazgarylypdyr. Şonuň üçin hem senedi özbaşdak öwrenen her bir adam haýsydyr bir ussady özüniň halypasy diýip ykrar edip, ondan pata almaly bolupdyr.

Ak pata bermek dessurynyň ýylyň islendik paslynda, köplenç anna güni geçirilendigini belläp geçmek gerek. Demirçi ussalarda irki döwürlerden bäri demriň piri Hezreti Dawut pygamber bilen bagly we ata-babalardan gelýän dessur saklanyp galypdyr. Ol “juma güni” ýa-da “anna güni” dessury diýlip atlandyrylypdyr. Bu dessur saryk we salyr ussalary tarapyndan hepde-de bir gezek (käbir söhbetdeşleriň gürrüň bermegine görä, ýylda 1 ýa-da 2 gezek) penşenbe gününiň ikinji ýarymynda we anna gününiň birinji ýarymynda bellenilip geçilipdir. Demirçi ussalar bu dessura uly ähmiýet we çuň many beripdirler.

Demirçi ussalar ussahanada işleýän pursatlary, özlerine hemra bolup, aňlarynda ýaşap ýören pir Hezreti Dawut pygamberiň we ata-babalaryň ruhlary güýç-kuwwat berýär diýen ylahy ynançlara ynanypdyrlar. Ussalar öz güýç-başarnyklary we abadançylygy babatda ynamlylygy guýup durýarmyşyn diýen yrym-ynançlar döräpdir. Şol sebäpli-de demirçilik senedi bilen meşgullanýan senetçileriň arasynda ak pata bermek pursatynda ähli işler bes edilipdir. Şol gün Hezreti Dawut pygamberiň we ata-babalaryň hormatyna ussalar sarpalanylýan çaganak dessuryny geçiripdirler. “Juma güni” dessuryna, adatça, molla hem gatnaşypdyr. Munuň üçin ol azyk önümlerini, kümüş pul sylagyny hem alypdyr.

Öwrenilýän döwürde senetçiler obalaryň ählisinde deň derejede ýeterlik bolmandyr. Meselem, obalar Merw, Sarahs ýaly şäherlerden näçe daş bolsalar, şonça-da olarda senetçileriň sany az bolupdyr. Şeýle ýagdaý Ýolöten, Tagtabazar, Sarahs etraplarynda hem göze ilýär. Bu babatda tekeleriň demirçi ussalary has amatly şertlerde işläpdirler. Sebäbi olaryň obalary Merwe ýakyn ýerleşipdir. Olaryň her birinde 2-3 we ondan hem köpräk ussat demirçiler bolupdyr.

P. HALMYRADOW,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty.

Meňzeş habarlar