Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýet, sungat we syýahatçylyk ulgamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň neşirýat-çaphana ulgamyna innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işlerini üstünlikli dowam etdirip, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, şeýle hem Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

***

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2021-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Bedew bäsleşiklerinde ýeňiji bolan atlara berilýän baýraklary paýlamagy has-da kämilleşdirmek, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini gymmat bahaly baýraklar bilen sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň atçylyk sport toplumlarynda geçirilýän at çapyşyklarynda, gözellik bäsleşiklerinde hem-de atly sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanandygy üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we ýuridik şahslaryna degişli atlara berilýän baýraklary, şol atlaryň ýokary derejede ösdürilip ýetişdirilmegine goşant goşan şahslaryň arasynda paýlamak bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda kemala getirilen, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýan, wepalylygyň, edermenligiň, batyrlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek hem-de türkmen alabaý itleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynda türkmen alabaý itleriniň arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.

Şeýle hem resminama bilen: Türkmenistanda türkmen alabaý itleriniň arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigini geçirmegiň Tertibi; türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrundaky bäsleşigi geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy.

Türkmen alabaý itleriniň arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikde 1-nji orny eýelän ýeňijä Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny bermek bellenildi.

Türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerine türkmen alabaý itiniň şekili çitilen iň nepis haly, türkmen alabaý itiniň iň gowy surat eseri, türkmen alabaý itiniň iň gowy heýkeli, türkmen alabaý itiniň daşky keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi – senenama, türkmen alabaý itiniň edermenligini açyp görkezýän iň gowy telewizion görnüşleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmat bahaly baýraklaryny bermek bellenildi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, türkmen alabaý itleriniň arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikde ýeňiş gazanandygy üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we ýuridik şahslaryna degişli türkmen alabaý itlerine berilýän baýraklary şol itleriň ýokary derejede ösdürip ýetişdirilmegine goşant goşan şahslaryň arasynda paýlamak bellenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet neşirýat gullugy hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşigi bilen bilelikde her ýylda: bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümini Ministrler Kabinetine tassyklamak üçin bermek; bäsleşikleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet neşirýat gullugy hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşigi degişlilikde: bäsleşikleriň geçirilişini milli teleradioýaýlymlaryň, şeýle hem beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen giňden mahabatlandyrmaga; türkmen alabaý itini wasp edýän iň gowy makalalary, hekaýalary, goşgulary, poemalary, teleradiogepleşikleri, çeper hem-de sungat eserlerini, şeýle hem iň nepis halylary Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigine hödürlemäge borçly edildi.