Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

9-njy aprelda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda Ministrler Kabinetiniň agzalary gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlaryna we Aşgabat şäherine guran iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdiler.

Sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow dürli döwletler we ugurlar boýunça iş alyp barýan hökümetara toparlarynyň 10-a golaýyna ýolbaşçylyk edýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň işi üçin degişli şertleri üpjün etmek maksady bilen, türkmen-rus we türkmen-ýapon hökümetara düzümleriniň türkmen böleginiň başlyklygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowy belläp, bu wezipelerden wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowy boşatmak baradaky karara gelendigini aýtdy. Munuň özi Russiýa we Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin has anyk we netijeli işleri geçirmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Halk Maslahatynyň we Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji mejlisini guramak boýunça giň gerimli işleri geçirmegiň ähmiýetini nygtap, ony geçirmäge işjeň taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýdyp Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy hem-de dünýä ykdysadyýetine ýetirýän zyýanly täsiri sebäpli ýüze çykan daşarky meselelere garamazdan, ýurdumyzyň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 5,9 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa, 10 göterim ýokarlandyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň we birnäçe beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň dowam edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2021 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegi, şeýle hem esasy baýramlara – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyna, şeýle hem baky Bitaraplyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini başga-da birnäçe möhüm wezipelere garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.