4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen täze — 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzda dürli pudaklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynda, şol sanda ýangyç çig malyny çykarmak ulgamynda işleýän kärhanalarda işleriň ýagdaýyny ýene-de bir gezek içgin seljermegi, önümçilik-ykdysady görkezijileri yzygiderli ýokarlandyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmagy tabşyrdy.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeleri, oba hojalyk önümçiligini artdyrmakda möhüm şert bolan ýerleriň suw üpjünçiligini pugtalandyrmak hem-de daýhanlaryň durmuşynda wajyp möwsüm bolan ýazky ekişine ýokary derejede hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere aýratyn üns bermek babatda degişli görkezmeler berildi.
Hormatly Prezidentimiz Deňizde milli daşaýjy hakynda Düzgünnamany taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabaty diňläp, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitiniň ähli ýurtlary üçin ähmiýetlidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan ugradylýan ýükleriň möçberiniň artmagynyň, milli söwda flotunyň işiniň giňelmeginiň Türkmenistanyň dünýäniň söwda ulgamynda tutýan ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirjekdigini nygtady.
Soňra 2019-njy ýylda pile öndürmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berildi we şu ýylda piläniň jemi 2 müň 30 tonnasyny öndürmek boýunça teklip aýdyldy. Şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 485 tonna, Lebap welaýatynda 960 tonna we Mary welaýatynda 405 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär. Häzirki döwürde «Türkmen ýüpek» paýdarlar jemgyýetinde ýüpek gurçugynyň tohumyny ýetişdirmek we möçberini köpeltmek boýunça zerur işleriň dowam edýändigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýüpekçiligiň serişde binýadynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belläp, bu ugurda bar bolan meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabaty diňläp, täze suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy barada aýtdy. Anyk çäreleriň toplumyny öz içine alýan Baş maksatnamanyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, ony durmuşa geçirmekde çuňňur oýlanyşykly we ylmy çemeleşmeleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportuny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparynyň işi hem-de gözegçilik edýän döwlet we hususy düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça işler yzygiderli geçirilýär. Bu babatda döwlet Baştutanymyz daşary söwda gatnaşyklary işjeňleşdirmek we ýurdumyzda öndürilen azyk önümleriniň artyk möçberini daşary ýurtlara ibermegiň täze ugurlaryny gözlemek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda şu aýyň dowamynda milli baýramçylyklarymyz hem-de önümçilik maksatly binalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçiriljek medeni çärelere we dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin we döredijilik çäreleriniň milli köpöwüşginli sungatymyzy we halkymyzyň baý mirasyny giňden açyp görkezmelidigini hem-de wagyz edilmegini şertlendirmelidigini belledi.
Milli Liderimiz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» maksatnamasynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada aýdyp, dabaralarda halkymyzyň, eziz Diýarymyzyň ýeten derejesine buýsanjynyň beýan edilmelidigini we gazanýan üstünliklerimizi hem-de ýetilen belent sepgitleri giňden açyp görkezip, mähriban Watanymyzy wasp etmelidigini, halkymyzy täze, belent ýeňişlere ruhlandyrmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli medeniköpçülikleýin, syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bilim we ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda, sport hem-de ýaşlar syýasaty babatda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda bar bolan ylmy institutlaryň ylmy mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmak boýunça zerur işleriň alnyp barylmalydygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna we halkara ölçeglerine kybap derejede kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň Hökümetiň 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Merkezi hem-de Günorta Aziýa, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hem-de sebitara gatnaşyklaryň täze düzümini döretmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasy ugrunyň Merkezi Aziýada, Orta we Ýakyn Gündogar sebitlerinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga oňyn täsir edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň Hindistan bilen gatnaşyklaryny özara hormat goýmak ýörelgelerinde guramak bilen, ony syýasy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda özüniň möhüm hyzmatdaşy hasaplaýandygyny aýtdy we bu düzümiň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindi ummanyna çykmagy babatda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz gepleşigiň çäklerinde özara gatnaşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ulgamlarda berk gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmelidigini belläp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işi barada hasabaty diňläp, kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzyň häzirki döwürde okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny aýratyn belledi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.
“Nesil” gazeti,
08.01.2019ý.