ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň guramaçylyk meseleleri bilen bagly duşuşyk geçirildi

Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim, medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistandaky milli toparyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rüstemowanyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Gülnabat Meredowna Gurdowanyň we uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda duşuşyk çäresi geçirildi. Bu çäräniň gün tertibinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedrasynyň açylmagy we olar bilen bagly deslapky işleriň alnyp barlyşy barada gürrüň edildi.

ÝUNESKO kafedralarynyň Bütindünýä Programmasy (UNITWIN/UNESСO Сhairs) 1991-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 26-njy mejlisiniň çözgüdi boýunça döredilip, häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak  ýurtlarynda  800-den gowrak kafedrany özüne birleşdirýär. Bu kafedralar bilimiň, ylmyň, medeniýetiň we kommunikasiýalaryň halkara gatnaşyklarynyň global, sebitara, sebit derejesinde halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin niýetlenendir. ÝUNESKO kafedralary akademik raýdaşlygy esasynda hereket edýärler. Olar dünýä ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy arabaglanyşygy üpjün edip, ylmyň we  ýokary okuw mekdepleriniň özara tejribe alyşmaklaryny işjeňleşdirýärler. Bilimleriň, informasiýanyň dürli soraglary boýunça çözgütlerini utgaşdyrýarlar. ÝUNESKO kafedrasy ylmy-usulyýet bölüm hökmünde ýokary okuw mekdebi üçin adaty düşünjede bolman, eýsem her bir ÝUNESKO kafedrasy uniwersitetara gatnaşyklarynyň global torunyň bir bölegi bolup durýar. Bu geçirilen duşuşyk çäresinde ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistandaky milli toparyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rüstemowa we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Gülnabat Meredowna Gurdowa bilen uniwersitetiň professor - mugallymlary we talyplary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmegi bilen bagly sowal-jogap alyşdylar.

Meňzeş habarlar