Ak keçe

Parasatly pederlerimiz keçä ýöne ýere «sähra halysy» diýmändirler. Ol diňe bir ynsan saglygyna şypa beriji, gülleriniň manysy syrlar kitaby ýa-da tehnologiýa taýdan gutarnykly senet bolman, eýsem, gadymy däp-dessurlaryň, ynançlardyr halk döredijilik eserleriniň ençemesiniň döremegine esas beripdir. Munuň özi halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu senede uly hormat-sarpa goýulýandygyndan nyşan.

Aslynda, müňýyllyklara uzaýan taryhymyzyň arheologiýa yzlarynyň medeni gatlaklarynda ýüze çykarylan keçe önümleriniň ählisiniň ak reňkdedigini bellemegimiz gerek. W.I.Sarianidi «Miras» žurnalynda çap edilen «Marguş ýurdunyň täze sungat nusgalary» atly makalasynda: «Türkmen halyçylygy we keçe basmak senedi biziň çak edişimizden-de gadymydyr. Goňurdepede ýüze çykarylan, miladydan öňki II müňýyllyga degişli ak keçäniň bölekleri munuň şeýledigini subut edýär» diýip ýazýar.

Hormatly Prezidentimiz paýhas eleginde eýlenen «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda Goňurdepede ýüze çykarylan ak keçäniň ulanylyş ähmiýeti barada şeýle ýazýar: «Bu ýerde tapylan ak keçe köşgüň tutuş ybadathana toplumynyň düşegi hökmünde ulanylypdyr».

Gadymy hunlaryň hökümdary Mete hanyň köşgi ýerleşen Altaýdaky Noulin depesinden ýüze çykarylan keçäniň reňki-de akdyr. Miladydan öňki I asyra degişli hasaplanýan bu keçäni etnografiýa taýdan öwrenen Ahmet Bekmyradow «Andalyp we oguznamaçylyk däbi» atly kitabynda: «Beýik Mete hanyň ak keçesiniň ýüzüne güllenen nagyşlar hunlaryň taryhnamasydyr. Sekizden üç hatara bölünen güller Oguz hanyň nebereleriniň 24 şahadan durýandygyny habar berýär» diýip ýazýar.

XI asyrda keremli topragymyzda bolan al-Ýakuby parasatly pederlerimiziň altyn başly ak öýlerini etnografiýa taýdan öwrenip, şeýle ýazýar: «Oguzlaryň mukaddes ak öýlerine ak keçe örtmegi diňe bir durmuş-hojalyk ähmiýeti bilen bagly däl, eýsem, ol bu gadymy halkyň asylly ruhy ýörelgelerine beslenendir. Ak keçe Oguz nesilleriniň asuda asman, parahatçylyk hem erkana ýaşaýyş bilen bagly arzuwlarynyň beýanydyr».

Etnografiýa ylmy-gözleg saparynda bolanymyzda, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Tölek-guýy maldarçylyk obasynda ýaşaýan senetçi eneler ak keçäni taýýarlamagyň aýratyn jogapkärçiliginiň bardygyny gürrüň berdiler. Aýdyşlaryna görä, adatça, ak keçe sähetli gün, açyk asmanyň astynda, obanyň oral daýzalarynyň gatnaşmagynda basylýar. Esasan hem ak keçäniň gyrasyny deň we berk çykarmak üçin tejribeli senetçileriň kömegine daýanylýar. Eger-de keçäniň bir gyrasy içine girip, bigörk, ýagny ham çykaýsa, onda gollary berdaşly gelinler iki tarapyndan çekeläp, «Ber keçämi, goýber keçämi, meniň keçäm, ýok, meniň keçäm, sen goýber!» diýen ýaly degişmeli aýdyşyklary aýdyp, ýene-de täzeden basýarlar. Ony «biş-biş» diýip, gyzgyn suw guýup, bilekläp, gyrasyny dogry çykarmagy başarýarlar.

Ak keçe göwnejaý çykanda, ellerinden dür dökülýän senetçi ýeňňeler: «Gyraw ýaly öwşün atýan keçe bolaýypdyr» diýip, ony taryplaýarlar. Adatça, senetçileriň hojalyklarynda keçe taýýar bolanda, pişme bişirilip, sadaka paýlanylýar. Käbir hojalykda mal soýlup, toý saçagy giňden ýazylýar. Munuň özi ak keçä ruhy dünýämizde aýratyn hormat-sarpa goýulýandygynyň özboluşly nyşany. Mälim bolşy ýaly, ak keçeler biziň döwrümizde ak öýleriň üstüne örtülýär, ýaşulularyň pygamber ýaş toýuna sowgatlyk ýa-da namazlyk hökmünde ulanylýar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Halkyň ruhy dünýäsinde ak reňkli keçe aýratyn tapawutlandyrylyp, adatça, ol maşgalanyň ýaşulusy – nesilbaşysy üçin düşekçe hökmünde ýörite basylýar. Ak keçe maşgala ojaklara bagtyýarlyk, agzybirlik, rowaçlyk getirýärmiş» diýip belleýär.

Ak keçe bilen bagly ýörgünli «han götermek» dessury ruhy dünýämizde örän arzyly hasaplanypdyr. Bu barada milli Liderimiz ady agzalan eserinde şeýle ýazýar: «Oguz dessuryna görä, hökümdarlara ak keçäniň üstünde häkimlik täjini geýdiripdirler. Onuň oturjak tyllaýy şuglaly tagtynyň astyna ak keçe düşäpdirler. Şa bedewine ak keçeden köýnekçe tikip geýdiripdirler».

Toplanan etnografiýa maglumatlarynyň habar berşi ýaly, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň gadymy obalarynda häzirki wagtda täze gelni jaýyň bosagasyna ýazylan ak keçäniň üstünden ýöredip, mukaddes ojaga salmak dessury berjaý edilýär. Eger-de bosaga keçe toklynyň ilkinji gyrkym ýüňünden – baýzy ýüňden basylan bolsa, ol has arzyly hem-de täze gelne goýulýan beýik hormatyň nyşany hasaplanylýar. Adatça, gelin keçä «gülýaýdy», «ak tüýnük», «goçak», «alaja» ýaly nagyşlar güllenýär. Ynanja görä, bu güller gelniň gözden-dilden goragly, nesil dowamatly, maşgala binýadynyň berk bolmagyna täsir edýärmiş. Beýleki gülli keçelerden tapawutlylykda, ak keçe namazlyk hökmünde ulanmaga niýetlenilse, onda başujuna «goçak» güli salynýar. Halk pähiminde «Goçak» nagşym – goragym» diýlişi ýaly, bu nagyş ynsany hem-de onuň mukaddes ojagyny görner-görünmez bela-beterlerden goraýar.

Käbir ak keçeleriň gyrasyna gara, gyzyl, ýaşyl reňkler bilen ak reňk gezekleşdirilip, «alaja» ýa-da onuň merkezinden zowwam geçýän «daragt», «zynjyr» ýaly güller salynýar. Olaryň pelsepesi ynsan saglygynyň tut ýaly berk, ömür dowamatynyň zynjyr ýaly sepleşip, uzalyp gitmegi bilen bagly arzuwlara ulaşýar.

Ak keçä has köp salynýan «pytda» gülüdir. Ol: «Gözden-dilden gorasyn» diýlip, keçäniň dört burçuna güllenýär. Kähalatda gülsüz gara, gyzyl ýa-da boz keçelere-de: «Gözden-dilden gorasyn» diýlip, bu nagyş salynýar.

Görnüşi ýaly, ak keçe bilen bagly dessurlar ruhy dünýämiziň müňýyllyklara uzap gidýän ajaýyp ýörelgelerini biziň günlerimize ýetiripdir. Onuň ynsan saglygyny we türkmeniň mukaddes ojagyny goramakdaky ähmiýetine häli-henize çenli ynanylyp gelinýär. Munuň özi dünýä medeniýetiniň naýbaşy nusgalary bolan milli mirasymyzyň abraý-mertebesini barha belende göterýär.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, etnograf.

Meňzeş habarlar