Türkmenistan – ÝUNESKO taryha uzan ýollar

Geçmişde dünýä medenýetine öz milli, medeni gymmatlyklary, edebi mirasy bilen goşant goşan halkymyzyň baý şöhratly taryhy bu gün dünýä ýaň salýar. Türkmenistanda «Açyk gapylar» syýasatynyň yglan edilmegi, baky Bitaraplyk ýörelgämiz dünýä ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrýan halkara ynsanperwer çäreleriň geçirilmegi dünýä bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge, türkmen halkynyň ruhy mirasyny wagyz etmäge hem-de medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýär. Türkmen topragy dünýä medeniýetini ösdürmäge saldamly goşant goşan, dünýäniň ençeme ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýän Gündogaryň iň gadymy siwilizasiýalarynyň ojagydyr. Türkmenistanyň maddy mirasy bütin adamzadyň baýlygydyr. Häzirki wagtda halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň goragyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, olar babatda milli kanunçylygymyz halkara hukuk kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasynda «Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasynda deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir. Döwlet ylmy, we çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýär. Döwlet medenýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýär» diýip bellenýär. Şu güne çenli medeni mirasymyzy goramaga degişli birnäçe kanunlar kabul edilip, olardan «Medeniýet hakynda», «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda», «Milli taryhy medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryny görkezmek bolar. Bu kanunlar ýurdumyzyň medeniýetini, milli mirasymyzyň özboluşlylygyny goramagy üpjün edýär, halkymyzyň medeni mirasyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny gorap saklamaga, wagyz etmäge, olary ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Şeýle-de 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda «Milli taryhy- medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» kanun kabul edildi. Ol kanun milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini  ýüze çykarmak, peýdalanmak, ýaýratmak we döwlet goragy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär, türkmen halkynyň öz medeni-milli özboluşlylygyny aýap saklamak, ösdürmek, ýaşaýyşyň taryhy-medeni gurşawyny goramak, dikeltmek hukugyny, Türkmenistanyň çäginde medeniýetiň döremegi, ösmegi hakynda maglumat çeşmeleriniň aýalyp saklanylmagyny, goralmagyny üpjün edýär. Türkmenistan häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň komissiýalarynyň we komitetleriniň dokuzysynyň agzasy bolup durýar hem-de olaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar. Türkmenistan  BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň hem agzasydyr. ÝUNESKO guramasy 1942-nji ýylda döredildi. 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edildi.  ÝUNESKO-nyň baş edarasy Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýär. Bitarap Watanymyz ÝUNESKO bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň çäklerinde netijeli işleri alyp barýar. Häzirki wagtda taryhy ýadygärliklerhmiziň üçüsi Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna goşuldy. 2009-njy ýylda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli medenýeti ösdürmekde, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamakda bitiren ägirt uly hyzmatlary üçin ÝUNESKO-nyň «Awisenna» atly altyn medalyna mynasyp boldy. Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy Milletiň Lideriniň milli we bütindünýä medeni, tebigy mirasy gorap saklamak boýunça üstünlikli syýasatynyň, dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni, tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň möçberli işleriň ykrar edilmegidir.

Taryhy hem-de medeni gymmatlyklarymyz barada gürrüň açsak ilki bilen medeni miras hökmünde 2015-nji ýylda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhyny, durmuşyny, medeniýetini, ahlagyny, edim-gylymyny, däp-dessurlaryny, dil baýlygyny özünde jemleýän «Görogly» dessançylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemelidiris. 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Koreýa Respublikasynyň Çeju şäherinde «Küştdepdi» aýdym we tans dessuryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça çözgüt Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmesiniň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisinde 2021-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketler Meýilnamasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň türkmen däp-dessurlaryny girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe süren täze teklipleriniň taslamasyna garaldy. Şol däp-dessurlar asyrlaryň dowamynda toplanan baý tejribe bolan ahal-teke atşynaslygy, alabaý tohum itleriniň hem-de türkmen medeniýetiniň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen dutar bilen baglanşyklydyr. Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy desgalaryň, şeýle-de tebigy ýadygärlikleriň 20-sini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde iri taryhy-medeni goraghanalaryň üçüsi Nusaý, Köneürgenç, Gadymy Merw ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Gadymy Merw 1999-njy ýylda Köneürgenç 2005-nji ýylda, Nusaý 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň sanawyna goşuldy. Häzirki wagtda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Sünt-Hasardag, Bathyz, Amyderýa, Repetek, Hazar, dinozawrlaryň yzlary bilen dünýäde tanalýan Köýtendag tebigy goraghanasyny, täsin ekologik ulgam bolan Garagum çölüni Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak barada ýörite teklipler taýýarlanyldy we guramanyň garamagyna hödürlenildi. Ýurdumyzyň milli taryhy-medeni mirasynyň müňden gowragy döwlet tarapyndan hasaba alyndy, täze açyşlaryň hasabyna bu sanawyň üsti mydama ýetirlip durulýar. Türkmenistanyň taryhy hem medeni ýadygärliklerinde milli we halkara ylmy-barlag ekspedisiýalary işläp, bilelikde rejeleýiş işlerini geçirýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisinde 2021-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketler meýilnamasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň ýörite sanawyna türkmen däp-dessurlaryny girizmek boýunça ýurdumyz birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin bilelikde hereket etmäge täze meýilnamalar işlenip düzülende onda şular göz öňünde tutuldy.

– Geljek ýyl ÝUNESKO-nyň baş rektory Odri Azulaýyň Türkmenistanda resmi saparyny guramak;

– ÝUNESKO-nyň özboluşly şäherleriniň toruna Çeperçilik diýen döredijilik ulgamynda Aşgabady hem-de Senetler we halk döredijiligi diýen ulgamda Türkmenabady, geljekde bolsa Edebiýat diýen ulgamda Mary şäherini hem girizmäge taýýarlamak;

– Taryhy şäheriň ösüşinde ÝUNESKO-nyň ölçeglerini öwrenmek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arhiologiýa fakultetinde ýörite okuwlary açmak meýilleşdirilýär;

– Mundan başga-da, medeniýet, bilim, ylym, sport, ýaşlar syýasaty ulgamynda we beýlekilerde ýene-de ençeme taslamalar göz öňünde tutulýar.

– Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedrasyny döretmek, geljekde bolsa, şäherimiziň orta mekdeplerini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň halkara ulgamyna birikdirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamasyny 2021-nji ýylyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirildi. Türkmenleriň dutar bilen bagly däplerini adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky başlangyç diňe medeniýeti öwreniş ylmynyň däl-de, eýsem diplomatik nukdaýnazardan hem öňe ädilen ädim bolup, ol ähli ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetiniň, gepleşikler medeniýetiniň, tassyklanmasy bolup durýar. Şeýle hem dutar ýasamak işini şöhlelendirýän fotoalbom döredildi. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýanyň talaplaryna laýyklykda, dutarda aýdym aýtmak ussatlygy we bagşyçylyk sungaty hakynda wideorolik taýýarlanyldy. Şol resminamalaryň hemmesi ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasyny goramak hakynda Hökümetara komitetine iberildi hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin nobata goýuldy.

Häzirki wagtda ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklary barada hödürnamany taýýarlamak boýunça işler geçirilýär. Ahalteke bedewi we alabaý iti – halkymyzyň sungat kämilligine ýetiren jandarlarynyň özboluşly tohumlary bolmak bilen çäklenmeýär. Olar türkmenleriň diňe hemralary hem-de kömekçileri, wepaly dostlary bolup durýarlar. «Behişdi ahalteke bedewimiz bagtyýarlygyň hem rowaçlygyň alamaty. Alabaý-biziň milli buýsanjymyz» diýip, hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda belleýär. Atçylygyň we itşynaslygyň milli usullarynyň we däpleriniň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenmegi türkmen halkynyň döredijilik durmuşynyň esasy hökmünde siwilizasiýany hem-de dünýä medeniýetini döretmäge goşan goşandyny açyp görkezmek maksadyndan ugur alýar. Gadymy we müdümi mirasymyzyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga döredip beren ähmiýetli mümkinçilikleri üçin alkyşlarymyz bimöçberdir. Milli mirasymyzy bütin dünýäde dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Selbi NURGELDIÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň talyby.

Maýa BABAÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar