13 – 15-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça geçirilen «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
«Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary, ýaş alymlarydyr hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Şonda olaryň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça taýýarlan taslamalarynyň 150-ä golaýy hödürlendi. Olaryň arasynda iň gowulary hasaplanan taslamalara emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi.
Şeýlelikde, «Innowasion şäher» ugry boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Şageldi Weliýew bilen Annanazar Mämiýewiň bilelikde taýýarlan «Awtoulag kärhanalarynyň optimal dolandyryşyny sanly tehnologiýalar arkaly kämilleşdirmek», «Sanly bilim» ugry boýunça Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Durdygylyç Mergenow «E-mekdep», «Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar» ugry boýunça şol institutyň talyplary Nurmuhammet Allanow bilen Mahmyt Allaberdiýewiň bilelikde taýýarlan «Türkmenbaşy» bankynyň hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak», «ýörite ugur» boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby Ýazmyrat Ataýew «Dalaşgär», «Maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk» ugry boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Muhammetnur Ataýew «Ulgamlaýyn žurnal utilitasy» taslamalary bilen birinji orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň diplomlary we sowgatlar bilen sylaglanyldy.