Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň bütin dünýäde berkidilmegi raýatlaryň durmuş ýagdaýlarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen, aýratyn-da jemgyýetiň ýaş nesliň terbiýesiniň işinde sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslary bilen tassyklanan täzeçe başlangyçlaryň we iri taslamalaryň ugurdaş alnyp barylmagynyň amala aşyrylmadygydyr.
Döwlet Baştutanymyz şu jähtden ilatyň, ilkinji nobatda ýaş nesliň köpçülikleýin bedenterbiýe we yzygiderli sport bilen meşgullanmaklygyna aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty wagyz etmek bilen türkmen halkynyň gelip çykyşyny (genofondyny) we milletiň saglygyny gowulandyrmaklyga gönükdirilen iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, sport ulgamynda döwlet syýasatynyň baş maksady durmuşyň wajyp ugurlarynyň esasy düzüjisi hasaplanylýan sagdyn we ruhy taýdan güýçli nesli terbiýelemek bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz özüniň işleriniň juda köpdügine garamazdan, ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemek we olary sagdyn kemala getirmek üçin ýurdumyzyň raýatlaryna şahsy görelde görkezýär.
Sport – bu güýjüň, gözelligiň, saglygyň we täze belentliklere ymtylmagyň aýdyň beýanydyr. Ýurt Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen Diýarymyzda iri sport toplumlary, şeýle-de köpçülikleýin sportda ýokary sepgitleri eýelemek üçin hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleriniň binalary gurlup ulanylmaga berildi.
Milli Liderimiziň aladalary netijesinde türkmen türgenleri häzirkizaman sport toplumlarynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçmek üçin çäklendirilmedik mümkinçiliklere eýe boldylar. Bu bolsa geljekde olaryň ýurdumyzyň sport abraýyny iri halkara ýaryşlarynda berkitmäge esas döredýär. Geçirilýän sebit we iri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşýan türkmenistanly türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça özleriniň ezber türgenlerdigini görkezýärler we ýokary üstünliklere eýe bolýarlar.
Watanymyz Garaşsyz döwlet bolanyndan soň Oguzhan döwründen alyp gaýdýan milli däpleriň we dessurlaryň täzeden dikeldilmegine, türkmen halkynyň medeni mirasynyň dabaralanmagyna, milli sport görnüşleriniň esaslandyrylmagyna hem uly üns berilýär. Diýarymyzda beýleki sport görnüşleri bilen bir hatarda türkmen halkynyň milli gymmatly mirasy hasaplanylýan we taryhy-medeni özboluşlylygyny aňladýan türkmen milli göreşi dünýä ykrarnamasyna eýe bolýar.
Türkmen milli göreşi islendik türkmen toý-baýramlarynda giňden ýaýran we gadymdan gelýän milli gymmatlyklaryň biri hasaplanylýar. Türkmen milli göreşini tutmaklygy özleşdiren pälwanlar alyş, kuraş, guşakly göreş, şeýle-de başa-baş tutluşyklaryň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmaga-da ökde başarnykly pälwan hasaplanypdyr. Göreş ynsanyň saglygyny, gözelligini, kanagatlylygyny, güýjüni, eserdeňligini, ünslüligini we maksada okgunlylygyny ösdürýär. Sportuň bu görnüşi barada türkmen halkynyň halk dessanlary bolan «Görogly» we «Gorkut Ata» dessanlarynda beýan edilýär.
Türkmen milli göreşiniň köpasyrlyk taryhy bar. Guşakly göreşiň bu görnüşi türkmen halkynyň toýdur-baýramlarynyň bezegidir. Halkyň bagşy-sazandalary bilen bir hatarda, göreş türkmen toýlarynyň merkezi hadysalarynyň biri hasaplanylýar we onda iň gowy hem güýçli pälwanlar güýç synanyşýarlar. Taryhda düzgün boýunça bäsleşige gatnaşjaklar baýramçylygyň birnäçe gün öňünden jarçy tarapyndan habarly edipdirler. Tomaşaçylaryň bolsa öz hormat goýýan söýgüli pälwanlary bolupdyr.
Türkmen milli göreşiniň köpasyrlyk we gadymy gelip çykyşy köp sanly arheologiki tapyndylar esasynda subut edildi. Türkmen göreşiniň taryhynda köp sanly halypa pälwanlar halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanypdyrlar. Olaryň arasyndan Mahmyt Pälwan (Pilmahmyt), Bähbit Pälwan, Annadurdy Ýagsoran ýaly şahsyýetleriň atlaryny ýatlap geçmek bolar. Bu meşhur pälwanlaryň atlary we abraýy goňşy ýurtlaryň çäklerinde şöhratlanypdyr. Geçen asyryň ortalarynda Hudaýberdi Paltaýew, Mätweli Mätiýew, Ata Öwezow, Myrat Saparow ýaly ady belli pälwanlaryň atlary halkyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr.
Mahmyt Pälwan (1247-1326) XIII asyryň ikinji ýarymynda we XIV asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçipdir. Örän gowy beden taýýarlygy bilen diňe bir güýçli pälwan bolman, eýsem şahyrana zehini bilen hem görnükli şahsyýet hasaplanypdyr. Tutuş ömrüniň dowamynda ýekeje gezek hem ýeňlişe sezewar bolmadyk Mahmyt Pälwan (Pilmahmyt) Hywada jaýlanypdyr. Türkmen milli göreş bilen Oguz han döwründe-de meşgullanylandygy barada taryhy maglumatlarda beýan edilýär. Görnükli pälwanlaryň arasynda Rüstem Zalyň, Görogly begiň, Bezirgen Pälwanyň, aýallaryň arasynda bolsa Harmandäliniň we Aýsoltanyň atlaryny tutup geçmek bolar. «Oguznamada» türkmen milli göreşiniň iň esasy synaglaryň biri bolandygy barada bellenilip geçilýär.
Türkmen halkynyň baý taryhy gahrymançylykly eposlarymyzda we şadessanlarymyzda wagyz edilmek bilen, türkmeniň gaýduwsyz ogul-gyzlarynyň söweşlerde we bäsleşiklerde türkmen göreşiniň ajaýyp emellerini görkezip, ýeňiş gazanandyklary beýan edilýär. Antiki döwrüň taryhy çeşmelerinde türkmen nesilleriniň diňe bir erkekleri däl, aýallarynyň hem göreşiň emellerinden gowy baş çykarandygy baradaky habarlara duşmak bolýar. Grek we rim taryhçylary başa-baş tutluşyklara girişmek bilen Turanyň aýallarynyň şöhratly esgerlerden hem üstün çykandyklaryny uly buýsanç bilen ýazypdyrlar.
Biziň ata-babalarymyz öz çagalaryny we agtyklaryny ýaşlyk ýyllaryndan başlap, göreşiň we jigitligiň köp sanly emellerini, peýkamdan ok atmagy, gylyja erk etmegi öwredipdirler. Tejribeli halypanyň ýolbaşçylygynda türkmen jigidi çagalygyndan at çapmakda we söweş sungatynda, esasan hem göreş tutmakda türgenleşipdir. Şonuň bilen bir hatarda geljekki pälwanlara ussatlygyň inçe syrlary öwredilipdir. Ýetginjekleriň kesgitli ýaşa ýetmegi bilen has zehinli we uly ynama eýe bolanlar tanymal pälwanlaryň şägirdi bolupdyrlar.
Türkmen milli göreşiniň däp-dessuryna laýyklykda sportuň bu görnüşiniň sport eşigi milli don hasaplanylypdyr, ol ýumşak mata bilen guşakdan daňlypdyr. Pälwanlar milli balak we köýnek, don we mata guşak bilen geýinen halatynda tutluşyk meýdançasyna çykypdyrlar. Pälwanlara bilguşak daňydan tutup göreşmek hökmany hasaplanylypdyr. Düzgün boýunça garşydaşlara guşakdan tutmaklyga rugsat edilýär. Aýaklarynyň üsti bilen zyňyşlara rugsat berilýär. Toýlarda we milli baýramçylyklarda tutluşygyň wagty çäklendirilmeýär. Garşydaşynyň dabanyndan beýleki islendik ýerine ýere degmäge mejbur eden «ýeňiji» hasaplanylýar. Ýeňiji öz garşydaşyny arkasyna zyňmaga ýa-da üç nokadyny ýere degirmäge mejbur etmelidir. Aýak bilen hereketler (ilmek, badak atmak we ş.m.) rugsat edilýär. Her tutluşyk üç sany wagty çäklendirilmedik duşuşykdan durýar we olaryň ikisinde ýeňiş gazanan pälwan ýeňiji hasaplanylýar.
Müňýyllyklaryň dowamynda türkmeniň maşgala we jemgyýetçilik baýramçylyklary we dabaralary pälwanlaryň tutluşyklaryndan özge geçirilmändir. Iň güýçli pälwanlar barada rowaýatlar we poemalar, aýdymlar döredilipdir. Iň esasy sylaglaryň maddy baýraklar däl-de, eýsem ata-babalarymyzyň ölmez-öçmez şöhratly tutluşyklary baradaky gürrüňler dilden-dile geçip gelipdir. Ady äleme dolan şöhratly pälwanlar has zehinli şägirtleri edinipdirler we olary göreşiň ussatlaryna öwrüpdirler, wagtyň geçmegi bilen bolsa olar hem öz tejribelerini ýaşlara geçiripdirler. Şeýdip türkmen göreşi nesilden nesle asyrlar aşyp, müňýyllyklaryň dowamynda bize gelip ýetipdir. Muňa mysal hökmünde «Görogly» eposynda ýatlanylyp geçilýän ussat Galandar pälwan, hut Göroglynyň özünden üstün çykan şa gyzy Harmandäli baradaky gürrüňleri bellemek mümkin. Ýagyrnysy ýere degmedik tejribeli pälwanlar jemgyýetde uly abraýdan we sarpaly hormatdan peýdalanypdyr.
Häzirki wagtda bu göreş ýurdumyzda iň bir köpçülikleýin sport görnüşleriniň biri hasaplanylýar. Şäherleriň we obalaryň sport zallaryna, Köpetdagyň dag eteklerine we Merkezi Garagumuň çöllerine, gojaman Hazaryň we Jeýhunyň kenarlaryna baýramçylyklarda we adaty günlerde türkmen pälwanlary öz güýçlerini synap görmek üçin ýygnanýarlar. Köp sanly sport söýüjiler we myhmanlar güýçli hem batyr pälwanlaryň gyzykly bäsleşikleriniň, olaryň çynlakaý tutluşyklarynyň şaýady bolýarlar. Eger bu bäsleşik uly milli ýa-da ýerli baýramçylyga, ýaşlaryň bagt toýuna ýa-da täze dünýä inen çaganyň hatyrasyna bagyşlanan bolsa, onda her bir tutluşygyň ýeňijisi uly baýrak bilen sylaglanýar.
Türkmen milli göreşiniň düzgüni ýokary derejedäki adalatlylygy talap edýär we şonuň bilen bir wagtda tutluşyklaryň hüjümli alnyp barlyşy oňa özboluşlylyk çaýýar. Muňa gadagan edilen hereketler we berilýän temmiler şaýatlyk edýär. Bekewül duýduryş yglan edende pälwana yşaratlar bilen onuň sebäplerini düşündirýär. Duýduryş haçanda pälwan göreşi haýal alyp baranynda, emelleri ulanmakdan gaça duranynda we garşydaşy saklanynda, garşydaşyny ortadan itip çykarmaga synanyşanda we beýleki şuňa meňzeş ýagdaýlarda berilýär.
Türkmen milli göreşini halkara jemgyýetçiliginde meşhurlyga eýe etmek maksady bilen, Döwlet Baştutanymyz tarapyndan dünýäniň ähli yklymlarynda bu göreşiň çägini giňeltmek üçin täze başlangyçlar öňe sürüldi. Bu babatda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdiren edarasy bolan ÝUNESKO, Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde alnyp barýan işleri özüniň uly netijelerini berýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan daşary ýurtlar bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça 70-e golaý dürli hökümetara we pudagara derejedäki resminamalara gol çekdi. Şeýle hem Türkmenistan Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy.
Ylaýta-da ÝUNESKO sport hyzmatdaşlygynyň ugurlary has netijeli. Biziň ýurdumyz bu guramanyň sportda doping serişdelerini ulanmaklyga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, Milli antidoping agentligini döretdi hem-de ÝUNESKO-nyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara Komitetiň (CIGEPS) düzümine saýlandy.
Türkmen göreşini abraýly halkara we milli sport guramalary bilen bilelikde yklymlaryň göreş federasiýalaryny döretmek boýunça hem-de bu sport görnüşini geljekde Olimpiýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşmak barada degişli işler alnyp barylýar.
Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri taryh üçin gysga wagtyň içinde ähli derejede türkmen milli göreşi boýunça Dünýä we Aziýa çempionatlary, beýleki iri halkara ýaryşlary geçirmek we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara meýdançasyna öwrüldi. Bu barada aýdylanda 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde türkmen milli göreşi boýunça I dünýä çempionaty hem-de guşakly göreş XII dünýä çempionaty geçirilip, oňa 24 döwletiň pälwanlary gatnaşdylar.
Giňişleýin geçirilen işleriň netijesinde Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasy esasynda 2015-nji ýyl häzirki zaman türkmen milli göreşiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Hut şol ýyl bu sport görnüşinden geçirilen halkara maslahatynyň çäklerinde Bütindünýä Göreş federasiýasy döredildi.
Şu günki gün dünýäniň 20-den gowrak döwletinde bu sport görnüşi boýunça milli federasiýalary döredildi. Olar öz aralarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, tutuş dünýäde türkmen milli göreşiniň meşhurlyk gazanmagy we mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin sebitara sport bäsleşiklerini guraýarlar.
Türkmen milli göreşi boýunça II dünýä çempionaty 2015-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Orenburg şäherinde geçirilip, oňa dünýäniň 35 döwletinden 300-e golaý pälwanlar gatnaşdylar. 2016-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyý Çelnyý şäherinde geçirilen türkmen milli göreşi boýunça III dünýä çempionaty 40 döwletden 400-e golaý pälwanlaryny özüne jemledi.
Türkmen türgenleri Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen «Uniwersiada-2013»-de we 2014-2016-2018-nji ýyllarda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen we onuň maksatnamasyna türkmen göreşi goşulan Bütindünýä Çarwadarlaryň oýunlarynda hem-de ol ýerde 2014-2016-2018-nji ýyllarda Guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Ýokarda beýan edilen ähli halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemek bilen, türkmen milli göreşiň we guşakly göreşiň türkmen milli mekdebiniň dünýäde öňdebaryjydygyny ýene-de bir gezek subut etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda 2016-njy ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde sportuň alty görnüşi boýunça halkara synag ýaryşlary geçirildi. Geçirilen halkara synag ýaryşlarynyň biri hem türkmen milli göreşi we guşakly göreşidir. Tassyklanan ýaryşlaryň maksatnamasynda türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionaty geçirilip, oňa sebitiň 16 ýurdundan türgenler özara bäsleşdiler. Geçirilen Aziýa Çempionatynyň çäklerinde Bütindünýä Göreş Federasiýasynyň Aziýanyň Göreş Federasiýasyny döretmek barada karar kabul edildi.
Türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça geçirilen dünýä çempionatlary türkmen pälwanlarynyň dünýäde iň bir öňdebaryjy orny eýeleýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Biziň pälwanlarymyzyň köpüsi dünýäniň çempionlary boldular, olaryň hemmesi diýen ýaly final tutluşyklaryny başdan geçirdiler. Birinji dünýä çempionaty şeýle-de guşakly göreş boýunça güýçli pälwanlaryň ussatlygynyň ösen derejesini tassyklady. Dünýäniň iň gowy pälwanlary sport taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezdiler. Guşakly göreşden tapawutlylykda türkmen milli göreşinde güýçlüler aýlaw ulgamy boýunça kesgitlenilýär. Dünýä çempionatynyň ilkinji netijesi Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň guşakly göreş boýunça ösüşiniň başyny çekýändigini görkezdi.
2017-nji ýylyň martynda Bütindünýä Göreş Federasiýasynyň Ýewropa Göreş Federasiýasy Litwa Respublikasynda döredildi. 2017-nji ýylyň 29-njy aprelinden 2-nji maýy aralygynda Serbiýa Respublikasynyň Nowi-Sad şäherinde bu yklymyň taryhynda ilkinji gezek türkmen milli göreşi boýunça ilkinji Ýewropa çempionaty geçirildi. Oňa Ýewropa döwletleriniň 10-a golaý pälwanlar gatnaşdylar. Bu çempionata Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Serbiýa Respublikasynyň, Gruziýanyň, Ukrainanyň we Russiýa Federasiýasynyň türgenleri gatnaşdylar.
Bu çempionata türkmen milli göreşi boýunça halkara derejeli türkmen eminleri gatnaşdylar.
Aşgabat şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Göreş Federasiýasy bilen bilelikde türkmen göreşiniň beýleki yklymlarynda hem ýaýradylmagy babatynda meýilleşdirilen işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, 2017-nji ýylyň maý aýynda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde türkmen milli göreşi boýunça I Afrika çempionaty geçirildi. Bu Çempionata agzalan yklymyň 10-dan gowrak döwletiň pälwanlary gatnaşdylar. Ýaryşlar alty sany agramlyk derejeleri boýunça geçirildi: üç agram erkekler üçin we üç agram aýallar üçin.
Ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça türkmen milli göreşi Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan sportuň aýratyn görnüşi hökmünde ykrar edildi we kabul edildi. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamasynyň sanawyna aýratyn sport görnüşi hökmünde türkmen milli göreşi goşuldy.
Türkmenistanyň guşakly göreş görnüşleri federasiýasy tarapyndan 2019-njy ýylda gatnaşylan halkara ýaryşlarynyň netijesi barada aýdylanda 2019-njy ýylyň 20-21-nji maýy aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Istarawşan şäherinde «Kuşti Kamarbandi» Täjik milli göreşi boýunça halkara ýaryşyna, 2019-njy ýylyň 8-11-nji iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Almalyk şäherinde Guşakly göreş boýunça 2002-2004-nji ýyllarda dogulan ýetginjekleriň arasynda Dünýä çempionatyna, 2019-njy ýylyň 1-4-nji sentýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk köl şäherinde Gyrgyz göreşi we alyş göreş boýunça halkara ýaryşyna, 2019-njy ýylyň 22-24-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Hasyl toýy mynasybetli «tatar göreşinden» görkezme çykyşyna, 2019-njy ýylyň 30-njy awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Çunju şäherinde «Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlary Çunju-2019» atly ýaryşyna, 2019-njy ýylyň 27-29-njy noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherinde 1999-2001-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda guşakly göreş boýunça Dünýä çempionatyna, 2019-njy ýylyň 17-24-nji dekabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherinde «Gazak göreşi» we «alyş göreşi» boýunça Dünýä çempionatyna türkmen pälwanlary gatnaşyp altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolup, ýurdumyzyň sport abraýyny goramagy başardylar.
2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Kümmek-Kowus şäherinde Türkmen milli göreşi boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Oňa sportuň bu görnüşiniň Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň agzalary gatnaşyp üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny mynasyp goradylar.
Türkmen sportunyň bütin dünýäde dabaralanmagy hakykatdan hem Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrylýan syýasatynyň dabaralanmagy hasaplanylýar. Bu ugurdan geljegine uly umyt bildirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketleriniň we ýokary derejeli sportuň ösdürilmegi, şeýle hem biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilen milli sport görnüşleriniň, şol sanda türkmen milli göreşiniň türkmen halkynyň milli mirasynyň täze taryhy şertlerinde täzeden galkynmagynyň aýdyň beýanydyr.
Taryha ser salanymyzda, Olimpiýa oýunlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän Dünýä we Aziýa çempionatlary, şeýle hem halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlary ähli döwürlerde-de adamlaryň arasyndaky parahatçylygy, agzybirligi we dostluk-doganlyk gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edipdir.
Garaşsyz Türkmenistan sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirmek boýunça çykyş edýär we beýleki döwletlere nusgalyk görelde bolýar. Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegi döwletleriň sport arkaly ýakynlaşmagyna hem-de hoşmeýilli gatnaşyklaryň pugtalanmagyna oňyn täsir edýär.
Nesip bolsa geljekde türkmen milli göreşini Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmekligini, şeýle hem şol oýunlara türkmen pälwanlarynyň gatnaşyp, Watanymyzyň Ýaşyl tuguny belende pasyrdadyp ýeňiji bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde sport ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine, şeýle hem türkmen halkynyň sportuň milli oýunlarynyň täzeden dikeldilmegine hem-de olaryň halkara giňişliginde kämilleşdirilmegine uly üns berýän Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys.
Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwlet we il bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!
Ýalkapberdi AŞYRMYRADOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni, ministrligiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.